Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen parlamentiniň deputatlygy üçin 258 dalaşgär bäsleşer


Türkmen parlamentiniň saýlawyna gatnaşýan ses berijiler. Arhiw suraty, 25-nji mart, 2018
Türkmen parlamentiniň saýlawyna gatnaşýan ses berijiler. Arhiw suraty, 25-nji mart, 2018

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlary boýunça hödürlenen dalaşgärleri bellige almak möwsümi tamamlandy diýip, türkmen metbugaty 28-nji fewralda habar berdi.

Türkmenistan boýunça dalaşgärleriň 14872-si hödürlenildi we bellige alyndy. Şeýlelikde, Mejlisiň deputatlygyna 258 dalaşgär, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalygyna 515 dalaşgär, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň agzalygyna 2001 dalaşgär, Geňeşleriň agzalygyna 12098 dalaşgär bellige alyndy. Olaryň hatarynda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryndan ýokary hünärli işgärler, dürli hünärleriň wekilleri bar.

Resmi maglumata görä, saýlaw okruglarynda bir orna 2-3 dalaşgär hödürlenildi.

Saýlawlara Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 6241, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 523, Agrar partiýasyndan 3576, şeýle-de raýatlar toparlaryndan 4532 dalaşgärler görkezildi.

Saýlawlarda ýurt boýunça Mejlisiň deputatlarynyň 125-si saýlanylar.

Ses berjekler üçin 2644 sany saýlaw uçastogy döredildi.

Türkmenistanda şu wagtda çenli garaşsyz halkara guramalary tarapyndan azat we adalatly geçirilendigi ykrar edilen saýlaw bolmady.

XS
SM
MD
LG