Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Täze START şertnamasyny togtatmak baradaky kanuna gol çekdi


Wladimir Putin 
Wladimir Putin 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 28-nji fewralda Moskwanyň ABŞ bilen ýaragsyzlanmak, strategigi hüjüm ýaraglaryny çäklendirmek boýunça baglaşan Täze START şertnamasyna gatnaşmagyny togtadýan kanuna gol çekdi.

Şertnama her bir ýurdy 1550 strategiki ýadro ýaragyny, 700 sany kontinentara ballistik raketany we strategiki bombaçylary ýerleşdirmekde çäklendirýärdi.

Putin bu ädimi bir hepde ozal, halka eden ýüzlenmesinde yglan etdi, şondan soň kanun çykaryjylar kanun taslamasyny tassykladylar.

Bu şertnama 2010-njy ýylyň 8-nji aprelinde, Pragada gol çekilipdi.

XS
SM
MD
LG