Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýadaky otly hadysasynda 36 adam öldi, onlarça adam ýaralandy


Wakanyň bolan ýerinde düşürilen surat
Wakanyň bolan ýerinde düşürilen surat

Demirgazyk Gresiýada ýüzlerçe adamy alyp barýan ýolagçy otlusynyň ýokary tizlikde garşy tarapdan ýetip gelýän ýük otlusy bilen çakyşmagy netijesinde 36 adam ölüp, azyndan 66 adam ýaralandy diýip, resmiler 1-nji martda aýtdy.

Ýarygijeden öň Tempe şäheriniň golaýynda bolan hadysada birnäçe wagon demirýoldan agdaryldy we olaryň azyndan üç sanysy ot aldy.

Otlularyň çakyşmagynyň mümkin bolan sebäbi entek belli däl. Iki demirýol işgäri polisiýa tarapyndan sorag edildi, ýöne tussag edilmedi.

XS
SM
MD
LG