Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk goraýjylar BMG-niň Komitetine alternatiw hasabatlaryny hödürlediler


Farid Tuhbatullin we Ruslan Mätiýew
Farid Tuhbatullin we Ruslan Mätiýew

27-nji fewralda Ženewadaky Wilson köşgünde, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň baş edarasynyň ýerleşýän ýerinde BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň agzalary bilen Türkmenistanyň, Zambiýanyň we Perunyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” 28-nji fewralda habar berdi.

Düzgüne laýyklykda, BMG-niň komitetiniň garamagyna ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýy barada taýýarlanan resmi hasabatlar we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanan hasabatlar iberilýär.

27-nji fewralda Raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara şertnamanyň bu ýurtlarda durmuşa geçirilişine seredildi.

Türkmenistandaky ýagdaý barada alternatiw hasabat taýýarlan üç guramanyň wekilleri, Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasyndan” Farid Tuhbatullin, “Türkmen news” neşiriniň ýolbaşyçy Ruslan Mätiýew, Iýegowa şaýatlarynyň Ýewropa bileleşiginiň wekili çykyş etdi.

"Türkmen inisitiwasy" halkara adam hukuklary guramalary bolan IPHR we Pagta Kampaniýasy bilen bilelikde alternatiw hasabatlary taýýarlamaga gatnaşdy diýip, habarda bellenýär.

Hasabatlar bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG