Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Azat söz - prezidentiň merhemetinde”. Sosial media Özbegistanda habar serişdeleriniň “ýapylmagy” we “açylmagy” barada


Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew Samarkantda ýerli we daşary ýurtly bloggerler bilen surata düşýär. Awgust, 2019 ý.
Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew Samarkantda ýerli we daşary ýurtly bloggerler bilen surata düşýär. Awgust, 2019 ý.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň “köpleriň oňa habar beriş serişdelerini ýapmagy teklip edendigi, emma onuň muny amal etmejekdigi” baradaky sözleri sosial torlarda söz azatlygy we prezidentiň ygtyýarlyklary barada gyzgalaňly jedelleri döretdi.

Media jogapkär emeldarlar we hökümetçi bloggerler prezident Mirziýoýewiň 24-nji fewralda Kaşgadarýin oblastynda eden çykyşyny onuň erkin söze we azat media bolan ygrarlygyny görkezendigini öňe sürdüler. Emma sosial mediadaky aktiwistler we tankytçylar Mirziýoýewiň belliklerinde Konstitusiýa çaprazlygy gördüler.

“Köpler maňa ýapmagy teklip edýär...”

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Kaşgadarýin oblastynyň Karşin raýonunyň 71-nji mekdebine gelen mahaly söz azatlyk meselesini gozgady. Ol özüne “habar serişdelerini ýapmak” teklip edilendigini, emma şol bir wagtda özüniň muny hiç haçan amal etmejekdigini belledi. Mundan başga-da, prezidentiň metbugat edarasynyň ýaýradan kiçi wideo reportažynda kimiň we nähili usul bilen Özbegistandaky habar serişdelerini ýapmagy teklip edendigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

“Biz ýapyk bir döwlet bolandygymyz, şeýle-de köpçülikleýin habar serişdelerini goldamandygymyz üçin halkyň adalatly sesini eşidip bilmedik. Eşitmedik. Azatlygyň demi ýaraýarmy? Meniň göwnümden turýar. Hawa, maňa bu ýagdaýlarda işlemek has kyn. Ýöne maňa “Ýapyň” diýýärler. Men bolsa ýapmaryn. Muny ozalkylar ýaly prokuroryň we SNB-niň (“Milli Howpsuzlyk Gullugy” – red.) barlaglary geçirmegi üçin etmelimi? Biz öňde goýan maksatlarymyza ýetdikmi?” diýip, prezident sorag bilen ýüzlendi.

Döwletbaştutany habar serişdeleri bilen ‘dost bolmalydygyny’ aýtdy. Mirziýoýew ‘her gün Interneti okaýandygyny we özüne bellikleri edýändigini’ hem boýun aldy.

Käbir aktiwistler prezident Mirziýoýewiň çykyşynyň açyk ýürekden edilendigini sorag astyna aldylar. Onuň bu çykyşy ýurtda, dürli bahanalar bilen, žurnalistleriň we bloggerleriň azatlykdan mahrum edilýän döwrüne gabat geldi.

“Ýurtdaky syýasatyň gün-günden barha ygtybarsyz bolýandygy barada garaýyş döreýär. Olaryň ummasyz puly bolsa-da, olar entegem piaryň hötdesinden gelip bilmeýärler. Şu gün prezident azat metbugaty goldaýandygyny ýene bir gezek dile getirdi. Onuň sözlerinden ugur alynsa, onda habar serişdeleriniň erkinligi – bu halka edilýän bir merhemetlik bolýar. Olar görnüşinden halka minnet edýärler. Hamala onuň daş-töwereginde habar serişdeleriniň ýapylmagyny isleýänler köpmüşin. Eger-de haýsydyr bir döwletbaştutany metbugatyň azatlygy barada gürrüň edip başlan bolsa, onda biliň, bu ýurtda erkin media ýokdur” diýip, BBC-niň žurnalisti Ibrat Safo ýazýar.

Onuň pikiriçe, ýurduň lideri muny goldasyn ýa goldamasyn, media elmydama-da erkin bolmaly.

Syýasatçy Kamoliddin Rabbimowyň sözlerine görä, halk köpçüligi prezidentiň azat metbugat baradaky sözlerini ynamsyzlyk bilen garşylap biler. Ýöne her niçik bolsa-da, bu ýagdaý wajyp bolmagynda galýar.

“Erkin metbugatyň we öz-özüňi açyk beýan etmegiň ýoklugy – owadan fasadyň astynda milleti we hökümeti basgylamagy aňladýar. Azat media garşy çykýan we onuň bilen göreşýän döwlet edaralary we resmileri kanuny we taryhy jenaýat edýändigine düşünmeli” diýip, Rabbimow ýazýar.

Blogger we ýurist Zafarbek Soližonowyň pikiriçe, prezident bu barada zerur wagty çykyş etdi.

“Sebäbi soňky döwür käbir aktiwistlerde bloggerler we žurnalistler bilen bolýan ýagdaýlar bilen baglylykda soraglar döräp başlady. Aktiwistler häzirki bolýan zatlary “yza gaýdyş” bolaýmasyn diýip häsiýetlendirip, mundan aladalanyp başladylar. Olar munuň “arassaçylyk” çäresi ýa-da “sapak bermek synanyşygy” hem bolmak ähtimallyklarynyň bardygyny aýdýarlar. Prezidentiň soňky çykyşyndan “yza gaýtmanyň” ýokdugyna göz ýetirdim. Ýöne prezidentiň “habar serişdelerini ýapmak teklip edildi” diýen sözi bizi pikirlenmäge we gerekli netijeleri çykarmaga iterdi. Muny kim teklip etdi? Muny dile getirenler haýsy matlapdan ugur aldylar? Olar köpçülik kollektiwiniň arasynda entegem barmy? Olaryň täsiri nähili? Bu ýagdaýlarda biziň ertirimiz nähili bolar?” diýip, Soližonow gyzyklanýar.

“Prezident habar serişdelerini ýapmak teklip edilýändigini aýtdy. Erkin jemgyýetiň duşmanlary bolup durýan bu adamlar kim?” diýip, hukuk goraýjy Abdurahman Taşanow nägileligini bildirýär.

Käbir aktiwistler ýurduň Konstitusiýasyna çapraz gelýän bu teklipleri eden şahslara ýa-da toparlara garşy kanuny çäre görmäge çagyrdylar.

“Prezident bulary sem edip, özüni olardan çetleşdirip bilermikä?” diýip, Gaýrat Omon soragy orta atýar.

Ýatlatsak, soňky aýda Özbegistanda 10-a golaý žurnalist we blogger tussag edildi. Olaryň arasynda döwlet edaralarynyň sözçüleri hem bar.

Daşkentde özüniň korrupsiýa garşy çykyşlary bilen meşhur bolan garaşsyz blogger Abdukodir Muminow hem tussag edilipdi. Prokuratura ony ‘kezzaplykda’ we ‘gorkuzyp pul almakda’ aýyplaýar. Muminowyň ýakynlary we bloggerler onuň özüniň profesional işi, hususan-da, prezidentiň garyndaşlaryny tankytlany üçin saklanandygyna ynanýarlar.

Şol bir wagtda, prezident 24-nji fewralda eden çykyşynda Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň nebit-gaz pudagyndaky galplyklar barada geçiren derňewi barada hiç zat aýtmady. Ýogsa bu mesele jemgyýetde giňden maslahat edildi we käbir sosial media ulanyjylary prezidentiň bu barada bir zatlar aýtjakdygyna garaşdylar.

Özbegistanda häkimiýetleriň söz we metbugat azatlygy baradaky öňe sürmelerine garamazdan, prezident Mirziýoýew soňky alty ýylda ne ýerli, ne-de daşary ýurt habar serişdelerine interwýu berdi.

Forum

XS
SM
MD
LG