Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbilisili protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy


2-nji martda geçirilen demonstasiýada azyndan 4 protestçini tussag edildi
2-nji martda geçirilen demonstasiýada azyndan 4 protestçini tussag edildi

Kanun çykaryjylaryň dawaly "daşary ýurt agentleri" kanunyny ara alyp maslahatlaşmagy bilen, Gürjüstanyň parlament binasynyň daşynda toplanan protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy.

Tankytçylar bu kanunyň kabul edilmeginiň metbugat azatlyklaryna zyýan ýetirjekdigini we ýurdy awtoritarizme tarap iterjekdigini aýdýarlar.

Polisiýa Tbiliside 2-nji martda geçirilen demonstasiýada azyndan 4 protestçini tussag etdi.

Protestçiler “Rus kanuny gerek däl”, “Has köp dönük gerek däl” diýen şygarlara gygyrdylar.

Häkimiýet başyndaky “Gürji arzuwy” partiýasy tarapyndan goldanýan kanun maliýe serişdeleriniň 20%-den gowragyny daşary ýurtlardan alýan islendik guramanyň “daşary ýurt agenti” hökmünde hasaba alynmagyny ýa-da ep-esli möçberde jerime tölemegini talap eder.

Tankytçylar bu kanunyň raýat jemgyýeti toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we metbugat guramalarynyň işini düýpli çäklendiren rus kanuny bilen meňzeşliklerine ünsi çekýärler.

Geçen aý 60-dan gowrak habar beriş serişdesi we raýat jemgyýeti toparlary, kabul edilen halatynda, bu kanuny berjaý etmejekdiklerini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG