Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşaýjylar pyýada gaçýar, Bahmutdaky ukrain goragçylarynyň ýagdaýy “agyr”


Bahmut goragçylary
Bahmut goragçylary

Rus goşunlarynyň bu töweregi dyngysyz topa tutmagy we soňky galan çykyş ýollaryny hem baglamagy bilen, berilýän habarlara görä, Ukrainanyň gündogarynda weýran edilen Bahmut şäheriniň ýaşaýjylary çykyp, pyýada gaçypdyrlar, ukrain goragçylarynyň sebitdäki hüjümleriň köpüsini yzyna serpikdirmegi dowam etdirmegine garamazdan, Kiýew ýagdaýyň ukrain goragçylary üçin “agyrdygyny” aýtdy.

Ukrain goşunlary 4-nji martda AP habar gullugyna Bahmutdan ýasama köpri arkaly çykmaga synanyşan bir aýalyň öldürilendigini, iki erkegiň bolsa agyr ýaralanandygyny aýtdy. Bu waka Russiýanyň hakyna tutma "Wagner“ toparynyň başlygy şäheriň daşynyň tasdan doly gabalandygyny aýdanyndan bir gün soň boldy.

AP habar gullugynyň ady agzalmadyk ukrain harbysyna salgylanyp ýazmagyna görä, ruslaryň topa tutmalary sebäpli Bahmutdan ulagly çykmagy howply hasaplan raýatlaryň köpüsi şäheri pyýada terk etmäge mejbur boldy.

Günbatar harby hünärmenleri Bahmutdaky ýagdaýyň aýgytly bolmagynda galýandygyny, ukrain goragçylarynyň uruşdan öň 70,000 töweregi ilaty bolan şäherde we onuň töwereginde "barha gazaply basyş" astyna düşýändigini aýtdylar.

Gündogar Donetsk sebitinde, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň gündelik hasabatynda aýdylmagyna görä, ukrain goşuny soňky günlerde Bahmut, Liman, Awdiýiwka we Şahtarsk ugurlarynda rus goşunlarynyň 150-den gowrak hüjümini yzyna serpikdirdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 4-nji martda goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň front liniýalarynyň golaýyna sapar edip, rus goşunlarynyň gündogar Ukrainadaky serkerde postuna barandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG