Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow gurluşyklaryň depgininden nägile bolup, sport ulaglaryny 'synagdan geçirdi'


Gurbanguly Berdimuhamedow tqze taslamalary tassyklavar. Arhiw suraty
Gurbanguly Berdimuhamedow tqze taslamalary tassyklavar. Arhiw suraty

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda durmuş maksatly desgalaryň, hususan-da Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylan gurluşyklaryň haýallygyndan nägile boldy diýip, türkmen metbugaty hepde ahyrynda habar berdi.

Öňki prezident öz nägileliklerini hökümet başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedowa, Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymowa ýüzlenip aýtdy we olaryň ýol berlen kemçiliklere kanun esasynda jogap bermeli boljakdygyny duýdurdy. Emma habarda resmileriň ýol beren kemçilikleri anyklaşdyrylmady.

Berdimuhamedow “Garagum” myhmanhanasynyň ýanynda, şeýle-de Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulýan söwda merkezleriniň gurluşyklarynyň depginini ýokarlandyrmagy talap etdi.

Şeýle-de ol şäheriň günorta böleginde gurulýan medeni-seýilgäh toplumyna baryp, birnäçe şekil taslamasy bilen tanyşdy, “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen duşuşdy.

Mundan başga, türkmen telewideniýesi 5-nji martda öňki prezidentiň Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkezine gelip, täzelikde satyn alnan sport ulaglaryny synagdan geçirendigini habar berdi. TDH onuň "tejribeli türgen we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary hökmünde... ýaşlara görelde bolýandygyny" belledi.

G.Berdimuhamedow prezident bolan ýyllarynda uly gurluşyk taslamalaryny tassyklap, olaryň gurluşygyna elin gözegçilik etmek, desgalaryň öz wagtynda gurulmagyny talap etmek, kadrlary ýygy-ýygydan çalyşmak gylyklary bilen ýatda galdy.

Ýöne synçylar we hünärmenler ýurtda gurulýan desgalaryň hiliniň öwerlik däldigini öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG