Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki prezident Türkiýä täze taslamalara goşulmagy teklip edýär


Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Beýik millet mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop bilen telefonda gürleşip, oňa Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi.

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, Türkiýä ykdysadyýetiň energetika, ulag we aragatnaşyk, maýa goýumlary, söwda, oba hojalygy, dokma senagaty, gaýtadan işleýän we nebithimiýa senagaty ýaly pudaklarynda, beýleki ugurlarda 'anyk taslamalary' durmuşa geçirmek teklip edildi.

Habarda bellenilmegine görä, türk resmisi “milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagyna, kuwwatly senagat düzümleriniň kemala getirilmegine gönükdirilen iri taslamalara gatnaşmagyň türk işewürleri üçin uly hormatdygyny” aýdypdyr.

Şeýle-de, öňki prezident Aşgabadyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisini, Türkmen-türk işewürlik maslahatyny geçirmäge taýýardygyny aýdypdyr.

Gurbanguly Berdimuhamedow prezident bolan ýyllarynda türk kompaniýalarynyň Türkmenistandaky işini 'uly sorag' astyna aldy we soňra, Aşgabat bilen aradaky töleg dawalary esasynda, iki ýurduň arasynda dürli meseleler ýüze çykdy.

Türk işewürlerine täze taslamalara gatnaşmagyň teklip edilen wagty, Türkiýede we Siriýada bolan betbagtçylykly ýer titremelerinde ýykylan jaýlar sebäpli, türk gurluşyk firmalarynyň gurýan binalarynyň hiliniň uly sorag astyna düşen wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG