Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Wagnerçileriň" Moskwanyň eteginde dörän gonamçylygy: Azatlygyň Özbek gullugy Ukrainada ýogalan bäş özbegistanlynyň şahsyýetini anyklady


Moskwa oblastyndaky “wagnerçileriň” gonamçylygy
Moskwa oblastyndaky “wagnerçileriň” gonamçylygy

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy Moskwa oblastynda, "Wagner" hususy harby toparyna degişli bolan gonamçylygy tapdy. Ol ýerde hakyna tutma harby toparlaryň hatarynda söweşip, Ukrainanyň territoriýasynda aradan çykan tussaglaryň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Russiýa gelenleriň birnäçesi jaýlanypdyr. Bu gonamçylykda mazary tapylanlaryň ählisi Merkezi Aziýadan bolup, rus koloniýalarynda wagtynda “Wagner” tarapyndan, urşa çekilipdir. Olaryň arasynda birnäçe özbegistanly hem bar.

Mundan öň Azatlygyň Özbek gullugy Ukrainadaky uruşda wepat bolan azyndan üç özbegistanlynyň jesediniň Özbegistandaky dogan-garyndaşlaryna gowşurylandygyny habar beripdi.

Moskwanyň etegindäki «wagnerçileriň» gonamçylygy

Moskwa oblastynyň Şelkowskiý raýonynyň "Mawrino" obasyndaky gonamçylykdaky täze peýda bolan mazarlarda, “Wagner” HHT-niň nyşany bolan lentalar galgaýar.

Mazarlaryň ählisinde jaýlanan erkek adamlar, her guburyň başynda merhumyň adyny görkezýän ýazgy bar. Şol maglumatlardan mälim bolşuna görä, olar 2022-nji ýylyň oktýabr aýyndan, 2023-nji ýylyň ýanwar aýy aralygynda aradan çykypdyr.

Hakyna tutma «Wagner» topary esasan rus türmelerinde bolan tussaglary özüne çekýär.
Hakyna tutma «Wagner» topary esasan rus türmelerinde bolan tussaglary özüne çekýär.

Käbir guburlaryň mazar ýazgysynda aziýaly atlar bar, bu bolsa Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolanlaryň jaýlanandygyna hiç bir şübhe goýmaýar.

Mysal üçin, "Mawrino" gonamçylygynda jaýlananlaryň atlaryny görkezýän mazar ýazgylarynda şeýle atlar duş gelýär:

  • Saidow Murodbeg Sultonbegowiç (05.04.1986 – 27.11.2022);
  • Aýdraliýew Aman (27.08.1982 24.10.2022);
  • Janibekow Bohodir Buranowiç (19.08.1977 11.01.2023);
  • Gulamžanow Adahamžon Ulukmanžanowiç (16.09.1994 19.11.2022);
  • Awazow Erkin Sadinowiç (20.12.1967 01.12.2022);
  • Ýusupow Şuhrat Adilžanowiç (07.04.1978 23.12.2022).

Azatlyk Radiosyna olaryň käbiriniň şahsyýetini anyklamak başartdy.

46 ýaşly Bohodir Janibekow Özbegistanyň Jyzak welaýatynyň Pahtakor etrabynyň ýaşaýjysy. Azatlygyň anyklamagyna görä, ol Ýekaterinburgda ýaşap, şol ýerde hem işläpdir.

Adahamžon Gulamžanow bolsa Gyrgyzystandan. Onuň 2019-njy ýylda türmä basylmazyndan öň, Wladimirde ýaşandygy biziň redaksiýamyza mälim boldy.

2019-njy ýylyň fewral aýynda Wladimir oblast sudy Gulamžanowy neşe serişdelerini uly möçberde satmakda günäli tapyp, Russiýa Federasiýasynyň Jenaýat kodeksiniň 228-nji maddasyna laýyklykda, 12 ýyl berk düzgünli türme tussaglygyna höküm edipdir.

Aman Aýdraliýew “wagnerçileriň” gonamçylygynda jaýlanan ýene-de bir gyrgyzystanly. 2020-nji ýylyň iýun aýynda Kaluga oblastynyň Lýudinowskiý etrap kazyýeti tarapyndan bedene agyr zyýan ýetirendigi üçin, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilendigini Azatlyk anyklamagy başardy.

37 ýaşly täjigistanly Murodbek Saidow 2020-nji ýylyň ortalaryna çeni Orsýetiň türmesinde saklanýar, 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda wepat bolýar.

45 ýaşly Şuhrat Ýusupow 2022-nji ýylyň iýulynda, Sahalin oblastynyň Aniwskiý etrap kazyýeti ony hytaýly telekeçiniň emlägini ogurlamakda günäli saýyp, gözenegiň aňrysyna iberýär. Mazar ýagysynda onuň “Wagner” tarapyndan hakyna tutulandygy, 2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda ýogalandygy görkezilýär.

Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, "Mawrino" obasyndaky gonamçylyk özüni harby diýip atlandyrýan raýat eşikli adamlar tarapyndan goralýar. Ýerli ýaşaýjylar Azatlygyň žurnalisti bilen gürleşenlerinde, şol garawullaryň gonamçylygyň çäginde wideoda surata düşürýänleri ýa-da surat alýanlary saklaýandygyny hem-de barlaýandygyny aýtdylar. Raýat egin-eşigindäkiler olaryň gonamçylykda surata düşürmeginiň sebäbini sorap, soňra şahsy maglumatlaryny ýazga alýandygyny gürrüň berdiler.

Rus gonamçylygynda jaýlanýanlaryň sany artýar

Şol obanyň ýaşaýjysy Anna Sokolowa ýerli gonamçylykda 22 sany "wagnerçiniň" jaýlanan ýerini ilkinjileriň biri bolup habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, käbir mazarda haç goýulmandyr, diýmek, ol ýerde musulman jaýlanan bolmaly.

"Nýu-Ýork Taýms" gazeti şu ýylyň ýanwarynda Kubanda “wagnerçilere” goşulan öňki türme tussaglarynyň jaýlanan ýerini – täze mazarlaryň satellitden alnan suratlaryny çap etdi. Neşiriň ýazmagyna görä, soňky birnäçe aýyň dowamynda, Krasnodar ülkesiniň Bakin obasynda "wagnerçileriň" mazarlarynyň sany ýedi esse artypdyr. Habarly çeşmeler hakyna tutmalardan ölenleriň ählisiniň jaýlanmaýandygyny habar berýärler – köpüsiniň jesedi krematoriýada ýakylýar.

Ukrainaly harby blogger Anatoliý Stefan Telegramm kanalynda 9 minutlyk wideo çap etdi, onda Orsýetiň başga bir sebitinde "wagnerçiler" üçin, traktorly gabyr gazylýandygy habar beripdir.

Luganskdaky gonamçylyklarynyň birinde "Hajiýew Maksadbeg Matkurbonowiç, 23.09.1994 – 15.09.2022" diýen ýazgyly gubur bar.

Azatlygyň aýan etmegine görä, Maksadbeg Hajiýew Özbegistanyň Horezm welaýatynyň ýaşaýjysy bolmaly. Ol Iwanowo şäherinde suwagçy bolup işläpdir.

Maksadbeg 130,5 gram heroin satanlykda şübhelenip tussag edilipdir. 2022-nji ýylyň başynda, Russiýanyň sudy iki çaganyň atasy bolan we ozal jenaýata çekilmedik Maksadbeg Hajiýewi uzak möhletli tussaglygyna höküm edipdir. Hajiýew höküm edilenden iki aý soň, Ukrainadaky urşa düşüp, ol ýurduň territoriýasynda nädip aradan çykandygy heniz belli däl.

Orsýetiň adam hukuklary boýunça aktiwisti Olga Romanowanyň maglumatyna görä, Ukrainadaky urşa gatnaşmak üçin “Wagner” tarapyndan, rus türmelerinde 50 müň hakyna tutulan tussagdan, bary-ýogy 10 müň adam frontda galypdyr, galan 40 müň adam ýa ölüpdir, ýa ýaralanypdyr, ýa-da dereksiz ýitipdir, ýa-da ýesir düşüpdir.

Özbegistanyň häkimiýetleriniň rus türmelerinde jezasyny çekýän öz graždanlarynyň ykbaly bilen gyzyklanýandygy barada maglumat ýok.

Azatlyk Radiosy şu mesele bilen Özbegistanyň Iş üpjünçiligi we garyplygy azaltmak ministrliginiň ýanyndaky Daşary ýurt zähmet migrasiýasy Agentligine ýüz tutdy. Agentligiň özüni tanatmadyk işgäri biziň žurnalistimize bu meselä özüniň "wekilçilik etmeýändigini" aýtdy.

Şonuň bilen bir wagtda, ol Özbegistanyň Daşary ýurt zähmet migrasiýasy edarasynyň işgärleriniň rus türmelerindäki maglumatlara girmäge mümkinçiliginiň ýokdugyny hem sözüne goşdy, olaryň muňa ygtyýarlary ýok eken.

– Orsýetde biziň 1 milliondan gowrak raýatymyz bar, olary şeýle howpdan goramak fiziki taýdan mümkin däl. Galyberse-de, biziň graždanlarymyzyň hiç biriniň zor bilen urşa alnyp gidilendigi barada, bizde maglumat ýok. Graždanlarymyzyň käbiriniň uruş çagyryşlarynyň täsirine düşmegi örän gynançly – diýip, Özbegistanyň Daşary ýurt zähmet migrasiýasy edarasynyň wekili Azatlyk Radiosyna mälim etdi.

Agentlik Orsýetdäki özbek raýatlaryny Ukrainadaky urşa gatnaşmazlyga çagyrýandyklaryny, munuň üçin jenaýat jogapkärçiliginiň bardygyny hemişe ýatladýandyklaryny ýene-de bir gezek belläp geçdi.

Orsýetde türme tussaglygyna höküm edilenler barada, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň ýa-da başga bir ygtyýarly edaranyň özbek raýatlarynyň meselesi bilen gyzyklanýandygy, Azatlyk Radiosyna belli däl.

Mundan öň biziň redaksiýamyz Ukrainadaky uruşda wepat bolan iki ýaş ýigidiň jesetleriniň Orsýetden iberilendigini habar berdi.

Golaýda bolsa Azatlyk Radiosyna Ukrainanyň Makeýewka şäherinde, Namangandan bolan ýene-de iki ýigidiň ýitendigi barada habar gowuşdy.

Şol ýigitleriň biri Hamrohojaýew Mawlonžon Mamažon ugli, 1992-nji ýylda doglan, asly Namangan welaýatynyň Kasansaý şäherinden bolmaly.

Mawlonžon Hamrohojaýew
Mawlonžon Hamrohojaýew

Mawlonžonyň doganoglany, blogger we jemgyýetçilik aktiwisti Umid Muýdinow Azatlyk Radiosyna onuň Penza türmesinden, hakyna tutma “Wagner” toparyna düşüp, ýakynda dereksiz ýitirim bolandygyny aýtdy.

– Ol babasy hem mamasynyň elinde terbiýelendi, sebäbi çagalykda kakasy taşlap gitdi. 2011-nji ýylda kakasy ony Russiýa äkitdi. Şonda ol erbet toparyň arasyna düşüpdir, alan terbiýesi zaýalanypdyr. Soňra kakasyndan aýrylyp, Moskwa gidýär. Şol ýerde dürli neşe serişdelerine ulaşan bolmaly. 2014-2015-nji ýyllarda 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. 2023-2024-nji ýyllarda türmeden boşamalydy. Ol: «Men alty aýlyk şertnama gol çekdim, basym bararyn” diýdi. Mundan birnäçe gün öň Özbegistandaky dogan-garyndaşlaryna jaň edip, onuň frontda ölendigini habar berdiler. Onuň bilen birlikde Kasansaýdan, Ikram atly başga bir tussaglykda bolan hem ýogalypdyr – diýip, Umid Muýdinow aýdýar.

Umid Muýdinow Azatlygyň žurnalisti bilen söhbetdeşlikde, öz doganoglany Mawlonžonyň ýaralanan ýa-da ýesir düşen bolmagynyň mümkindigini hem aradan aýyrmaýar, sebäbi hossarlary onuň ölendigi barada, resmi tassyknama almandyr.

Ýagdaýy yzarlaýan söhbetdeşimiziň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan çykanlaryň köpüsi rus raýatlygyny almak üçin, öz türme möhletini azaltmak ýa-da uly möçberde pul gazanmak üçin, dürli harby toparlar tarapyndan hakyna tutulyp, Ukrainadaky urşa "meýletin" gidýän bolmaly.

Umid Muýdinowyň sözüne görä, “wagnerçi” hakyna tutma toparyň hatarynda, Ukrainada ölen özbek oglanlarynyň hossarlary Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň basyşy astynda, olardan ýüz öwürmäge mejbur bolýarlar.

– Ol ýigitleriň garyndaşlary ýörite gulluklar bilen bagly kynçylyklaryň ýüze çykmagyndan howatyr edip, hatda jesetlerini hem almaýar. Men şol ýigitleriň hossarlaryna ýüzlenmek isleýärin: olardan gorkmaň, olardan ýüz öwürmäň, eger olar türmede bolsalar, olary urşa gitmezlige ynandyrjak boluň – diýip, Özbegistanyň jemgyýetçilik aktiwisti hem blogger Umid Muýdinow Azatlyk bilen gürleşeninde aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG