Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen studenti Kazanda wepat boldy


 Kuwwat Soltanmyradow
Kuwwat Soltanmyradow

Türkmenistanly student Kuwwat Soltanmyradow mart aýynyň başynda Kazanda, gijesini işleýän ýerinde, awtoulag hyzmat ediş stansiýasynda geçirende aradan çykdy diýip, “Turkmen.news” öz çeşmelerine salgylanyp ýazýar.

Neşir onuň ildeşleriniň häzir merhumyň jesedini Türkmenistana ibermek üçin pul ýygnaýandyklaryny belleýär.

Studentiň Kazanda ýaşaýan otagy gijelerine sowuk bolansoň, ol gijesini işde geçirmek kraryna gelipdir. Ýaş ýigidiň awtoulagyň motoryny öçürmän galdyryp, kömürturşy gazyndan zäherlenen bolmagynyň ähtimaldygy çaklanylýar.

1998-nji ýylda Mary sebitinde doglan Kuwwat Soltanmyradow öýlenen, aýaly we çagasy bilen Kazanda ýaşaýardy.

XS
SM
MD
LG