Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň täsirindäki “ykdysady ýardam agtarýan” Merkezi Aziýa sebitinde Waşingtonyň mantrasy


Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew (sagda) we ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken. Astana, 2023-nji ýylyň 28-nji fewraly.
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew (sagda) we ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken. Astana, 2023-nji ýylyň 28-nji fewraly.

Günbatar metbugaty geçen hepdede ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinkeniň näme maksat bilen Merkezi Aziýa sapar edendigi we däp boýunça sebitde agalyk ediji hasaplanýan Moskwa munuň zarba bolup biljekdigi baradaky soraga jogap agtarýar. Şonuň bilen birlikde, Günbatar metbugaty Gazagystanda geçjek saýlaw kampaniýasyny derňeýär we "hakyky oppozisiýa partiýalar parlament saýlawlaryndan daşda galýar" diýip ýazýar. Galyberse-de, köpçülikleýin habar serişdeleri Gazagystan nebitiniň Germaniýa eksportyndan, Russiýanyň nähili peýda alýandygyny maslahat edýär.

Blinkeniň Merkezi Aziýa sapary Moskwa zarba boldumy?

«Günbatar sanksiýalaryna garşy göreşde Orsýet Merkezi Aziýadan ykdysady kömek gazanjak bolýar, ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken bolsa bu sebit Moskwanyň hereketlerine garşy durmalydyr diýen pikiri aýtmaga bardy» diýip, amerikan gazetini New York Times (NYT) ýazýar.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Astanada geçiren duşuşygynda, Waşingtonyň Gazagystanyň "garaşsyzlygyny, territorial bitewiligini hem-de özygtyýarlygyny goldaýandygy üçin" minnetdarlyk bildirdi. NYT makalasynyň awtorlary Edward Wong we Andreas Higgens Tokaýewiň beýanatynda, Moskwanyň Ukrainany basyp alan ýagdaýynda, ýeterlik gorkynyň bardygyny, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň rus ilatynyň köplükde bolan ýanaşyk beýleki ýerleri ele geçirmek ýa-da separatistleri goldamak üçin tagalla etjekdigini görkezýär diýip hasaplaýarlar. Awtorlar demirgazyk Gazagystanda esasan etniki ruslaryň köplükde ýaşaýandygyny, rus milletçileri tarapyndan ol sebitiň Russiýanyň düzümine girmeli territoriýalar hökmünde garalýandygyny ýatladýarlar.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew (sagda) we ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken el basyşýarlar. Astana, 2023-nji ýylyň 28-nji fewraly.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew (sagda) we ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken el basyşýarlar. Astana, 2023-nji ýylyň 28-nji fewraly.

NYT Russiýanyň öz täsir ediş zolagy hasaplaýan Merkezi Aziýa Entoni Blinkeniň eden saparynyň Moskwa zarba bolandygymy ýazýar. ABŞ sebitiň bäş ýurdunyň Russiýa we Hytaý bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýandygyna we olar bilen ýakyn ykdysady gatnaşyklarynyň bardygyna düşünýär. Şeýle-de bolsa, Waşington "häzirki sebitiň goldaw agtarýan döwürde, Russiýa garşy durmaga Merkezi Aziýany höweslendirip biljekdigine umyt edýär". Merkezi Aziýa ýurtlary, eger ABŞ Russiýa we Hytaý bilen deň barabarlygy saklamak isleýän bolsa, onda ABŞ sebitde söwda gatnaşyklaryny we ykdysady kömekleri düýpli giňeltmeli diýip hasaplaýandygyny awtorlar belleýärler.

Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisiniň daşary işler ministrleri bilen duşuşandan soň, Blinken Waşingtonyň geçen ýyl ykdysady programmalar üçin bölünip berlen 25 million dollaryň üstüne goşmaça 25 million dollar beriljekdigini mälim etdi. NYT-nyň makalasynyň awtorlary sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möçberiniň Russiýa we Hytaý bilen deňeşdirilende, Waşingtonyň berýän ýardamynyň azdygyny aýdýarlar.

ABŞ-nyň resmileri hökümetleri ýaranlary saýlamaga mejbur etmejekdiklerini aýdyp, sebitde rus täsiriniň gowşamagyndan peýdalanmaga umyt edýärler. Crossroads Central Asia merkeziniň Gyrgyzystan boýunça barlag toparynyň eksperti Emil Žoroýew ABŞ bilen deňeşdirilende, Putiniň sebitde henizem has köp täsir serişdeleriniň bardygyny aýdýar.

"Gazagystan Orsýetiň Ukrainadaky syýasatyny äsgermezlik edip bilmez, sebäbi Moskwa ýeňiş gazansa, Gazagystana howp salyp biler" diýip, Orsýetiň syýasy bilermeni, Merkezi Aziýa boýunça ekspert Arkadiý Dubnow aýdýar.

Merkezi Aziýa boýunça Eurasianet.org neşiriniň redaktor Piter Leonard Ukrainadaky uruş sebäpli Gazagystanyň Russiýadan sowa ýollarda nebit we ýükleriň daşalmagy boýunça tagallalaryny has-da güýçlendirendigini belleýär. Gyrgyzystan hem geçen ýyl ýurdy Özbegistanyň üsti bilen Ýewropa birikdirjek demir ýoly gurmak we rus demir ýollaryna bolan garaşlylygyny azaldýan taslamalaryny janlandyrdy. Merkezi Aziýa "öz ugruny biraz üýtgedip, Moskwanyň orbitasyndan çykyp başlasa, onda regiony yzyna gaýtarmak kyn bolmaz" diýip, rus syýasatçylarynyň hasap edýändigini ol belleýär.

«Amerikanyň sesi» neşiri Blinkeniň sebite eden saparynyň ABŞ-nyň Merkezi Aziýadaky roly we Amerikanyň berýän kömegi baradaky meseleleri orta atandygyny ýazýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Gazagystanda we Özbegistanda Orsýetiň Ukraina basyp girmeginiň "Moskwanyň niýetinden häzire çenli-de seresap bolup galýan" bu sebitde, çuň gorkynyň bardygyny bildi.

"Eger-de kuwwatly döwlet garaşsyz goňşy ýurduň serhetlerini zor bilen ýok etmäge taýýar bolsa, başgalara-da şeýle etmäge näme päsgel berer?” diýip, döwlet sekretary sorady.

Blinken ABŞ tarapyndan Ukrainany goldamagynyň beýleki ýurtlara "imperiýa hökümdarlygy maksatlarynyň gurbany bolmazlyga" kömek edýändigini düşündirmek isledi.

"Amerikanyň sesi" Blinkeniň sebit üçin köpçülige mälim eden kömek möçberiniň ähmiýetsizdigine ünsi çekýär.

"Bu beýle bir çynlakaý hereket däl – diýip, Pittsburg uniwersitetiniň döwlet dolandyryşy we ösüş boýunça eksperti Jennifer Murtazaşwili aýtdy. – 50 million dollar – bu beýleki ýurtlaryň berýänleri bilen deňeşdirilende az möçberdir."

Bilermenler sebitiň ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň amala aşyrylmadyk reformalar barada wadalar berendigini belleýärler. Waşington sebitde demokratiýany öňe sürmekde uly üstünlikler gazanmady diýip, bilermenler aýdýarlar.

Amerikan neşiri Diplomat Waşingtonyň sebitiň territorial bitewiligini we garaşsyzlygyny goldamakdaky mantrasynyň Trampyň administrasiýasynyň Merkezi Aziýa babatynda alyp baran syýasatyndan gelip çykýandygyny ýazýar. Trampyň administrasiýasy sebit bilen aragatnaşygyny diňe bir Owganystana däl, eýsem giň çäkde geçirmäge synanyşdy. Soňra Baýden administrasiýasy hem oňa eýerdi. ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk strategiýasy 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa bilen serhetleşýän Russiýa "erkin we açyk halkara sistemasyna ýeke-täk howp" hökmünde garaýardy we Hytaýy "halkara tertip-düzgüni üýtgetmek maksady bilen" hem-de gitdigiçe "ykdysady, diplomatik, harby we tehnologik güýji" bolan "ýeke-täk bäsdeş" hasaplaýardy.

Gazak nebitini Germaniýa eksport etmegiň Russiýa nähili peýdasy bar?

Geçen hepde Gazagystan Russiýanyň “Dostluk” nebit geçirijisi arkaly Germaniýa nebitiň ilkinji tapgyryny eksport etdi.

Germaniýanyň Deutsche Welle neşiri Gazagystan nebitiniň Germaniýa eksportyndan, Russiýanyň görjek peýdasyna ünsi çekýär.

Gazagystan geçen hepde Germaniýa 20 müň tonna nebit eksport etdi. Bu ýyl Germaniýa nebit turba geçirijileri sanksiýa sezewar edilmändigine garamazdan, rus nebitini satyn almagyny bes etdi. Şu ýyl Gazagystan Germaniýa 1,2 million tonna nebit akdyrmagy meýilleşdirýär. Esasy nebit geçirijisiniň milli operatory “KazTransOil” Russiýanyň “Transneft” kompaniýasy bilen häzirki kwartalda, “Dostluk” nebit geçirijisiniň üsti bilen 300 müň tonna nebit akdyrmak barada ylalaşyk gazandy.

Russiýanyň "Transneft" kompaniýasynyň Moskwa oblastyndaky nebit ammarlary.
Russiýanyň "Transneft" kompaniýasynyň Moskwa oblastyndaky nebit ammarlary.

“Transneftiň” öz üstünden nebit akdyrmagy belli derejede Russiýa üçin peýda getirer. Ondan başga-da, nebit Russiýanyň territoriýasyndan müňlerçe kilometr aralykdan geçýär, bu bolsa Gazagystany nebit eksportynda Russiýa bagly edýär.

Gazagystanyň nebiti ilki Russiýa iberilýär, ol ýerde rus nebiti bilen garyşdyrylansoň, Russiýanyň deňiz portlarynyň üsti bilen eksporta çykarylýar. Rus nebiti bilen garyşdyrylan Gazagystanyň nebitini Germaniýada anyklamak kyn bolar diýen howpy döredýär.

Germaniýanyň Ykdysadyýet ministrliginiň aýtmagyna görä, Gazagystanyň nebiti bilen garyşdyrylmagy sebäpli, rus nebitiniň käbiri böleginiň hökmany ýagdaýda Germaniýa gelmegi mümkin. Emma Germaniýanyň departamenti Berliniň gazak kompaniýasyndan nebit satyn alýandygyna ünsi çekip, bu ugurda pul töleginiň Russiýa däl-de, Gazagystana gidýändigini aýdýar.

«Hakykatdan-da oppozision partiýalaryň parlament saýlawlaryna gatnaşmagyna ýol berilmeýär»

ABŞ-da çap edilýän Diplomat neşiri Gazagystanda hakykatdan-da oppozisiýa partiýalarynyň geljekki parlament saýlawlaryna gatnaşmaýandygyny ýazýar.

Ganly ýanwar wakalaryndan soň prezident Tokaýew Gazagystanda hakyky syýasy bäsleşik döretmegi wada berdi. "Nur Otan" partiýasynyň ady "Amanat" diýip üýtgedildi. Tokaýew ýurduň prezidentiniň syýasy guramalardan "özüni daşlaşdyrmalydygyny" aýtdy. Makalanyň awtory, Almaty şäherinde ýaşaýan žurnalist Paolo Sorbello Tokaýewiň sözüne garamazdan, "Amanat" partiýasy geçen ýylyň noýabrynda geçirilen irki prezident saýlawlarynda, Tokaýewi goldaýan güýçleriň arasynda, bu partiýanyň başlygynyň baştutanlyk edendigini ýatladýar.

Gazagystandaky saýlawlara öň hasaba alnan partiýalardan başga-da, täze hasaba alnan iki partiýa gatnaşar. Neşir syýasy partiýalaryň programmalarynda täze zatlaryň bolmazlygynyň islenilýändigi hakda, maliýe hünärmeni Rasul Rysmambetowyň pikirini getirýär.

Hasaba alynmadyk «Алга, Казахстан!» atly oppozisiýa partiýasynyň agzalary häkimiýetleri ähli partiýalary hasaba almaga çagyrýar. Almaty, 2022-nji ýylyň 21-nji awgust.
Hasaba alynmadyk «Алга, Казахстан!» atly oppozisiýa partiýasynyň agzalary häkimiýetleri ähli partiýalary hasaba almaga çagyrýar. Almaty, 2022-nji ýylyň 21-nji awgust.

Tokaýewiň syýasy partiýalary hasaba almak prosesini sadalaşdyrmak barada beren wadasyna garamazdan, aktiwist Žanbolat Mamaýyň ýolbaşçylygyndaky Gazagystanyň Demokratik partiýasy hasaba alynmaýar. 2019-njy ýyldan bäri ýurtda häkimiýetleri tankyt edip gelen azyndan birnäçe syýasy birleşikler özlerini hasaba aldyrmak üçin, şowsuz synanyşyk etdiler.

"Köp synçylaryň pikirine görä, Mejlisdäki orunlaryň köp bölegi hökümete agalyk edýän "Amanat" partiýasy tarapyndan gazanylar. Galan partiýalar 5%-li böwetden geçmek üçin göreşerler. Gazagystanda saýlawlaryň "adalatly we dogruçyl" hasaplanmaýandygyny nazara alanyňda (ýurtda ýekeje saýlaw hem Günbatar synçylary tarapyndan erkin we adalatly diýlip ykrar edilmändi – Red.), partiýalar parlamente diňe bäsdeşligiň bardygyny döretmek üçin gidýärler diýen pikir döreýär" diýip, The Diplomat’da çap bolan makalanyň awtory aýdýar.

Emma saýlaw komissiýalary bilen ýeke agzaly saýlaw okruglarynda käbir kandidatlaryň arasyndaky göreşiň entek tamamlanmandygyny awtor ýazýar. Käbir kandidatlar dürli bahanalar bilen saýlaw bäsleşiginden çetleşdirildi, käbirleri kazyýete ýüz tutup, öz bäsdeşlik şahadatnamalaryny yzyna alyp bildiler. Graždan jemgyýeti garaşsyz kandidatlaryň ýeňmeginiň Gazagystanda syýasy azatlyklary çäklendirýän sistemany sarsdyrmaga kömek etjekdigine umyt edýär diýip, makalanyň awtory sözüni jemleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG