Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Astanany aýallaryň zorlukdan goralmagyny üpjün etmäge çagyrýar


Gazagystanda tussag edilýän protestçiler
Gazagystanda tussag edilýän protestçiler

Halkara Adam Hukuklary guramasy (HRW) Gazagystanyň häkimiýetlerine ýüzlenip, maşgaladaky zorluklar üçin jenaýat jogapkärçiligine çekmek baradaky çagyryşyny gaýtalady.

Hukuk goraýjylaryň 7-nji martda çap edilen beýanatynda hökümet häzir parlamentde seredilýän we maşgaladaky zorluga degişli bolan kanun düzedişlerinde aýal-gyzlaryň maşgala zorlugyndan doly goralmagyny üpjün etmäge, şol sanda, aýratyn jenaýat hökmünde, maşgala zorlugy üçin jenaýat jogapkärçiligini girizmäge çagyrylýar.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän guramanyň bu beýanaty gazak parlamentiniň maşgaladaky zorluklar üçin görülýän kanuny çäreleri ýokarlandyrmak niýeti bilen giriziljek düzedişlere seredýän wagtynda edildi.

HRW-nyň ýatlatmagyna görä, gazak parlamenti 2020-nji ýylyň güýzünde maşgaladaky zorluga garşy göreş boýunça girizilen kanun düzedişlerini tassyklady, ýöne ol düzedişler birnäçe aýdan soň “gaýtadan gözden geçirilmeli” edildi. Şondan bäri maşgaladaky zorluga degişli azyndan iki resminama teklip edildi.

HRW-yň maglumatyna görä, maşgaladaky zorluk Gazagystanda çynlakaý mesele bolmagynda galýar. Her ýyl polisiýa maşgala zorlugy barada 100,000-den gowrak habar berilýär we pidalaryň aglaba bölegi aýallar bolup durýar.

XS
SM
MD
LG