Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanyň dolandyryjy partiýasy “daşary ýurt agentleri” kanunyny yzyna alýar


Gürjüstanly protestciler
Gürjüstanly protestciler

Gürjüstanyň dolandyryjy "Gürjüstanyň arzuwy" partiýasy 9-njy martda "daşary ýurt agentleri" kanunyny "hiç bir şertsiz" yzyna alýandygyny mälim etdi.

Tankytçylar bu kanun taslamasynyň Russiýanyň kanunlaryna meňzeýändigini we ýurdy awtoritarizme tarap iterip biljekdigini öňe sürýärler.

Bu kararlar paýtagt Tbiliside polisiýa tarapyndan güýç bilen dargadylan birnäçe günlük protestlerden soň kabul edildi.

"Jemgyýetiň her bir agzasy üçin jogapkär hökümet partiýasy hökmünde, biz özümiziň goldan kanun taslamamyzy şertsiz yzyna almak kararyna geldik" diýip, "Gürjüstanyň arzuwy" partiýasy öz web sahypasynda ýerleşdiren beýanatynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG