Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

UNESCO eýranly okuwçylaryň “zäherlenmeleriniň” derňelmegine çagyrdy


Eýran. Mahabad protestleri.
Eýran. Mahabad protestleri.

Uniwersitet studentleriniň mekdep okuwçylarynyň köpçülikleýin ýagdaýda näsaglap, tutuş ýurt boýunça keselhanalara ýerleşdirilmegine getiren syrly keselçilik sebäpli protest bildirmäge ýygnanmagy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň bilim we medeni agentligi UNESKO Eýranda mekdep okuwçylarynyň çak edilýän “zäherlenmeleriniň” derňelmegine çagyrdy.

Sosial ulgamlarda 8-nji martda çap edilen wideolar we suratlar Tähranyň Allameh Tabatabai uniwersitetinde, Töwriz lukmançylyk ylymlary uniwersitetinde we AmirKabir Tehnologiýa uniwersitetinde studentleriň uniwersitet şäherçesindäki protestlerini görkezýär.

Hökümetiň 500-den gowrak okuwçynyň, hususan-da gyzlaryň näbelli kesele ýolukmagy netijesinde dörän krizise öz wagtynda çäre görüp bilmezligi bu ýagdaýa nämäniň sebäp bolup biljekdigi barada dürli çaklamalaryň orta atylmagyna, gep-gürrüňleriň güýçlenmegine getirýär.

XS
SM
MD
LG