Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň Milli howpsuzlyk komiteti žurnalist Hurşed Fozilowy tussag etdi


Hurşed Fozilow
Hurşed Fozilow

Täjigistanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti žurnalist Hurşed Fozilowy ýurduň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Panjakent şäherinde anyk bolmadyk aýyplamalar esasynda tussag etdi.

Fozilowyň ejesi Aziza Numonowa 8-nji martda oglunyň Panajakentiň Zähmet, migrasiýa we iş müdirliginde işleýän ýerinde, iki gün öň tussag edilendigini aýtdy.

Numonowa bir gün ozal ogluny görmäge rugsat berilendigini, ýöne onuň özüne bildirilýän aýyplamalary aýdyp bilmändigini aýtdy.

37 ýaşly, üç çaganyň atasy Fozilow birnäçe garaşsyz metbugat serişdesi, şol sanda daşary ýurtda ýerleşýän garaşsyz web sahypa “Ahbor” bilen hyzmatdaşlyk edýän ştatdan daşary žurnalist hökmünde tanalýar.

Ol köplenç sebitdäki ýönekeý adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan sosial meselelerini gozgaýardy we ýerli hökümeti tankyt edýärdi.

Şeýle-de, ol sosial media ulgamlarynda öz pikirini aýtmakda örän işjeňdi.

XS
SM
MD
LG