Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat Deli, Almaty uçar gatnawlaryny dikelder


Bezeg suraty
Bezeg suraty

“Türkmenistan” awiakompaniýasy şu ýylyň 26-njy martyndan Aşgabat-Deli-Aşgabat ugry boýunça yzygiderli uçar gatnawlaryny gaýtadan ýola goýar diýip, hökümetçi neşir awiakompaniýanyň Russiýadaky baş agentliginiň resmi web sahypasyna salgylanyp ýazýar.

Hindistanyň paýtagtyna guraljak uçuşyň hepdede bir gezek, bazar günlerinde amala aşyryljakdygy aýdylýar.

Mundan başga, “Türkmenportalyň” maglumatyna görä, 28-nji martdan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky howa gatnawy hem gaýtadan ýola goýlar.

Aşgabat -Almaty-Aşgabat ugry boýunça guraljak yzygiderli gatnawlar hepdäniň ikinji we üçünji günleri amala aşyrylar.

XS
SM
MD
LG