Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Russiýadan süýt-gatyk önümlerini eksport edýär


Türkmenistanda sygyrlar dürli kesellerden, ýylyň gurak gelen ýyllarynda bolsa açlykdan hem köp ölýär.
Türkmenistanda sygyrlar dürli kesellerden, ýylyň gurak gelen ýyllarynda bolsa açlykdan hem köp ölýär.

Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Woronež sebitinden süýt önümlerini eksport edýär diýip, hökümetçi neşir “Rosselhoznadzoryň” resmi web sahypasyna salgylanyp, anyklaşdyrmazdan habar berýär.

Bu habar Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen bilelikde Aşgabatda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyny geçirýän wagtyna gabat çap edildi.

Türkmenistan bilen bir hatarda, Hytaý, Abhaziýa, Azerbaýjan, Täjigistan, Gürjüstan ýaly beýleki birnäçe ýurda iberilen süýt önümleriniň (süýt, kefir, gatyk, ýag) möçberi 1,5 müň tonnadan gowrak boldy diýip, habarda bellenýär.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda öndürip boljak önümleriň daşary ýurtlardan altyn pula satyn alynmagyny tankytlap, importyň ornuny tutýan önümleriň köpeldilmegini, eksport edilýän önümleriň önümçiliginiň giňeldilmegini talap edipdi.

Türkmen metbugatynyň ýurtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigi baradaky habarlaryna garamazdan, hökümetçi neşirler wagtal-wagtal Türkmenistanyň daşary ýurtlardan import edýän oba hojalyk, azyk önümleri barada türkmen metbugatynda çap edilmeýän maglumatlary berýärler.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň döwlet eýeçilgindäki metbugaty daşary ýurtlara, şol sanda Russiýa eksport edilýän azyk önümleriniň mukdarynyň artdyrylandygyny habar berýär.

Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda maldarçylyk bilen meşgullanýan adamlar soňky onýyllyklarda dürli tebigy we emeli kynçylyklar bilen barha kän ýüzbe-ýüz bolýarlar, emma olaryň çekýän zyýanlary barada döwlet eýeçiligindäki metbugatda hiç zat aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG