Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylda ýarym million adam kazyýet reformasyna garşy mitinge ýygnandy


Protestçiler. Tel-Awiw, 11-nji mart, 2023.
Protestçiler. Tel-Awiw, 11-nji mart, 2023.

Ysraýylda kazyýet reformalaryna garşy mitingler geçirilýär. Demonstrasiýalara ýarym million adam gatnaşdy (ýurtda takmynan 8 million ilat ýaşaýar). Bu Ysraýylyň taryhynda bolup geçen iň uly protest çäresi boldy.

Benýamin Netanýahuyň hökümeti tarapyndan teklip edilen kazyýet reformasyna garşy başlanan köpçülikleýin protestler 10 hepde bäri dowam edýär. Bu reforma hakykatda parlament köplüginiň Ýokary kazyýetiň kazylaryny saýlamagyny kesgitlemegini we kazyýetiň hökümetiň kararlaryny ýatyrmak mümkinçiligini nazarda tutýar.

Protestçileriň pikiriçe, bu kazyýetleriň garaşsyzlygynyň ýitirilmegini aňladar.

Ysraýylyň geçen ýylyň dekabrynda saýlanan premýer-ministri Benýamin Netanýahu demonstrantlaryň maksady meni häkimiýetden çetleşdirmekden ybarat diýip hasaplaýar.

Demonstrantlaryň käbiri hakykatdanam Netanýahuyň işinden çetleşdirilmegi baradaky talaby öňe sürýär.

Ol öz syýasy karýerasynda eýýäm altynjy gezek premýer-ministr boldy. Häzire çenli Netanýahuyň garşysyna üç sany korrupsiýa işi gozgaldy, ýöne ol özüniň günäkärdigini inkär edýär.

XS
SM
MD
LG