Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanunyň hökmürowanlygy saýty türkmen dilinde-de elýeterli boldy


Merkezi Aziýada Kanunyň hökmürowanlygy maksatnamasy saýty türkmen dilinde hem elýeterli boldy diýip, “Orient” neşiri ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň instagram hasabyna salgylanyp habar berýär.

Bu maksatnama 2020-nji ýylda, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropa Geňeşi we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan) hökümetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde başlandy we şondan bäri onuň türkmençe saýty ýokdy.

Saýtda aýdylmagyna görä, bu çäräniň strategiki maksady Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda, Ýewropa we halkara standartlaryna esaslanýan Umumy kanun giňişligini döretmek prosesine başlamakdan ybarat bolup, Ýewropa Geňeşiniň konwensiýalary baradaky habarlylygy artdyrmagy maksat edinýär.

Ýewropa Geňeşiniň konwensiýalary adam hukuklaryny, demokratiýany we kanunyň hökmürowanlygyny berkitmek, şeýle-de Umumy-Ýewropa derejesinde we onuň daşynda umumy hukuk çäklerini ösdürmek üçin möhüm salgylanma hasaplanýar diýip, saýtda bellenýär.

XS
SM
MD
LG