Hytaýyň prezidenti Si Szinpiniň ýakyn wagtda, belki-de indiki hepde kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin Russiýa sapar etmegine garaşylýar diýip, ýagdaýdan habarly adamlar aýdýar.
Ozal bu saparyň biraz soň bolmagyna garaşylýardy.
Sapar planlary Hytaýyň Ukrainadaky parahatçylykda araçylyk teklibini edip, Russiýa diplomatik goldaw bildirmeginiň Günbatarda ynanmazlyk döreden wagtyna gabat geldi.
Russiýanyň TASS habar gullugy ýanwar aýynda Putiniň hytaýly kärdeşini ýazda sapara çagyrandygyny habar berdi. "Wall Street Journal" geçen aý saparyň aprel aýynda ýa-da maý aýynyň başynda bolup biljekdigini öňe sürdi.