Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tassyklanan konstitusiýa taslamasynda prezidentlik möhleti 7 ýyla çenli uzaldyldy


Özbek mejlisiniň ýokarky palatasy Senat Merkezi Aziýa döwletiniň täze konstitusiýasy boýunça prezident Şawkat Mirziýoýewiň üçünji möhlete prezidentlige saýlanmagyna rugsat berýän kanun taslamasyny tassyk etdi.

Döwlet eýeçiligindäki habar beriş serişdeleri 15-nji martda kanun taslamasynyň Senat tarapyndan tassyklanandygyny we onuň 30-njy aprelde geçiriljek ählumumy referendumyň, sala salyşlygyň garamagyna hödürlenjekdigini aýdyp, kanunyň tekstini çap etdiler.

Mejlisiň aşaky kanun çykaryjy palatasy kanun taslamasyny we referendumyň geçiriljek senesini geçen hepde tassyklady.

Konstitusiýa girizilýän düzedişleriň berk gözegçilikde saklanýan öňki sowet respublikasynyň köplügi tarapyndan referendum arkaly hem tassyklanmagyna garaşylýar.

Özbek resmileriniň aýtmaklaryna görä, bu üýtgeşmeler Mirziýoýewiň öňki we häzirki möhletlerini "hasapdan öçürer" we oňa ýene iki möhlete dalaş etmek mümkinçiligini berer.

XS
SM
MD
LG