Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň çakylygyndan soň, Hytaý lideri Si 20-22-nji mart aralygynda Moskwa sapar eder


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Hytaýyň prezidenti Si Szinpin bilen gürleşýär. Arhis suraty
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Hytaýyň prezidenti Si Szinpin bilen gürleşýär. Arhis suraty

Ukrainadaky konflikti bes etmäge gönükdirilen parahatçylyk planyny öňe sürmek bilen, Pekiniň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine bildirýän goldawynyň çäginde, Hytaýyň prezidenti Si Szinpin 20-22-nji mart aralygynda Moskwa resmi sapar eder.

"Gepleşikleriň dowamynda Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlygy we strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar" diýip, Kreml 17-nji martda çap eden beýanatynda aýtdy.

"Halkara arenasyndaky rus-hytaý hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak nukdaýnazaryndan hem pikir alyşmak meýilleşdirilýär" diýip, beýanatda bellenýär.

Geçen aý Hytaý Russiýanyň heňini çalyp, sebäpsiz uruşda Günbatary günälemek bilen, Ukrainadaky konflikti soňlamak üçin öz parahatçylyk planyny yglan etdi. Hytaý planynda, beýleki teklipler bilen, atyşygy bes etmek we parahatçylyk gepleşiklerini geçirmek teklip edilýär.

Günbatar Hytaýyň teklibini ret etdi, ýöne Moskwa ony oňlady.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi hem hytaý lideriniň Putiniň çakylygy esasynda Moskwa etjek saparyny tassyk etdi.

XS
SM
MD
LG