Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan saýlawdan iki gün öň köpçülikleýin bidüzgünçilige çagyryş üçin jezany ýokarlandyrdy


Akorda
Akorda

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanda geçiriljek parlament saýlawlaryna iki gün galanda köpçülikleýin bidüzgünçiliklere çagyrýanlara berilýän jezalary hasam güýçlendirjek kanuna gol çekdi.

17-nji martda tassyklanan kanuna görä, bu hili hereketler üçin berilýän jeza ýa-da tussaglyk möhleti üç ýyldan ýedi ýyla çenli ýokarlandyrylyp biler.

Şeýle-de, täze kanun bu aýyplama bilen günäkärlenen adamlar üçin şertli ýagdaýda, möhletinden öň tussagdan boşadylmak mümkinçiligini aradan aýyrýar.

Geçen ýylyň ýanwar aýynda hökümete garşy guralan görlüp-eşidilmedik protestleriň zorlukly wakalara ýazmagy hem-de azyndan 238 adamyň ölümine sebäp bolmagy gazak häkimiýetlerini ýurtda guralýan ýygnanyşyklardan seresap bolmaga itekledi.

Şu aralykda, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Wolker Turk Gazagystanyň häkimiýetlerini 2022-nji ýylyň ýanwarynda hökümete garşy guralan köpçülikleýin protestleriň güýç bilen dargadylmagyny düýpli derňemäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG