Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda kärende ýerleri ellerinden alnan daýhanlara gaýtadan ýer bölekleri hödürlenýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Şu günler Balkan welaýatynyň oba ýerlerinde häkimiýetler daýhanlar bilen ýygnaklary geçirip, gowaça ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ekerançylyk ýerlerini kärendesine almagy teklip edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji martda sebitden maglumat berdi.

Şeýle ýygnaklar häkimiýetleriň soňky aýlarda ýurduň dürli sebitlerinde daýhan hojalyklaryň kärende ýerlerini ellerinden almak synanyşyklarynyň yz ýany ýygjamlaşýar.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 23-nji dekabrda ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny bes etmek hakyndaky buýruga gol çekdi. Degişli buýruk bilen Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Ahal we Balkan welaýatlarynyň häkimlikleri bilen bilelikde, ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny bes etmek hem-de ýer böleklerini peýdalanmaga bermek boýunça namalary bellenen tertipde resmileşdirmäge borçly edilipdi.

Bu buýrugyň jikme-jikligi ýurduň metbugat serişdeleri arkaly ilata düşündirilmedi.

Munuň yz ýany, Azatlygyň habarçylary Balkan welaýatynda ýuridik şahslar bilen bir hatarda käbir fiziki şahslaryň, özbaşdak kärendeçileriň hem kärende ýerleriniň ellerinden alnyp başlanandygyny habar berip başladylar.

Bu maglumatlary oba hojalyk resmileri ne tassyklap, ne-de ret edip çykyş etdi.

Resmi habarlarda ýuridik şahslaryň ýer bölekleriniň döwlet kärhanalaryna peýdalanmaga berilmegi göz öňünde tutulandygy aýdyldy.

Azatlyk Radiosy dekabrda ýuridik şahslaryň ýer bölekleriniň döwlet kärhanalaryna peýdalanmaga berilmegi barada kabul edilen karar bilen Balkan welaýatynda kärendeçileriň ýerleriniň ellerinden alnyp başlanmagynyň arasynda arabaglanyşygyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklap bilmedi.

Üstesine, günbatar welaýatda obasenagat toplumyndaky işleriň onsuz hem düşewüntsizdigini, özleriniň höweslendirilmeýändigini we bugdaýyň hem-de pagtanyň satyn alyş nyrhlarynyň pesdigini aýdýan kärendeçi daýhanlar dekabr aýynda Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeşlikde özleriniň ýer bölekleriniň ellerinden alynmagyna gynanmaýandyklaryny gürrüň beripdiler.

Ýöne her niçik-de bolsa, şu günler Balkanyň käbir oba ýerlerinde häkimiýetleriň wekilleri ýerli kärendeçiler bilen duşuşyklary geçirýärler we ýygnaklara gatnaşýan kärendeçilerden bir gektardan bäş gektara çenli ýer böleklerinde gowaça ösdürip ýetişdirmegi gaýtadan teklip edýärler. Bu teklibe razy bolan kärendeçilere bir ýyl möhlet bilen kärende ýerleri bölünip berilýär.

Azatlygyň habarçysy ýygnaga gatnaşdyrylýan kärendeçileriň esasan ozal kärende ýerleri ellerinden alnan daýhanlardygyny habar berýär.

“Ýygnaklar geçirilýär we gowaça üçin bölünip berilýän kärende ýerleri öňki eýelerine gaýtarylyp berilýär” diýip, bir daýhan aýtdy.

Ýerli oba hojalyk resmileri kärendeçi daýhanlary bölünip berilýän ýerlerde “ellerini sowatman zähmet çekmäge” çagyrýarlar.

Şol bir wagtda, resmiler öňümizdäki pagta hasylynda döwlet borçnamasyny üstünlikli ýerine ýetiren kärendeçilere bir tonna pagta üçin 30 litr möçberinde pagta ýagyny hem-de 100 kilogram töweregi şulha wada berýärler. Bulardan başga-da, daýhanlara mal iými hökmünde ulanylýan künjara hem wada berilýär.

“Pagtanyň bahasyna-da gaýtadan serediljekdigi aýdylýar” diýip, ýygnaklara gatnaşan bir oba hojalyk işgäri aýtdy.

2018-nji ýylda Türkmenistanda bir tonna pagta hasylynyň döwlet satyn alyş nyrhy, hiline we hasyl möwsümine görä, 1355 manat – 2000 manat aralygyna göterildi.

Gowaçanyň ösdürilip ýetişdirilmegi we pagta hasylynyň öndürilmegi babatynda daýhanlaryň arasynda dürli-dürli garaýyşlar bar. Habarçymyzyň seljermelerine görä, Balkanyň käbir obalarynda gurply maşgalalar pagtaçylykdan bireýýäm el çekdiler.

“Olar kärende ýerlerinde pagta we bugdaý ösdürip ýetişdirmegi aýaga daňlan gandal hasaplaýarlar” diýip, bir daýhan aýdýar.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, etrap we oba resmileri obalarda esasan eli ýuka maşgalalary gowaça önümçiligine höweslendirmäge çalyşýarlar.

Şol bir wagtda, oba ýerlerinde gowaça ösdürip ýetişdirmek üçin kärende ýerleriniň teklip edilmegi pagtaçy daýhanlary oýlandyrýar. Olaryň ençemesi ýurtda ýyllarboýy dowam edýän suw, dökün we tehnika ýetmezçiligi sebäpli, hasylyň pes bolmagyndan howatyr edýärler.

Ýöne, muňa garamazdan, ozal elinden alnan kärende ýerini yzyna kabul edip almakdan ýüz öwürýän daýhanlara häkimiýetler tarapyndan haýbat atylýar, diýip kärendeçiler aýdýar.

Daýhan birleşikleriň başlyklary we arçynlar häkimiýetleriň teklibinden ýüz öwürýän kärendeçileriň mal ýetişdirmek ýa-da mellek ýerlerinden hasyl almak işlerinde özleriniň päsgelçilik döredip biljekdiklerini gytaklaýyn duýdurýarlar.

Bu aralykda, şu günler Balkanyň bugdaý meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Ýerli daýhanlar ösüş suwuny tutmak üçin zerur bolan ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi sebäpli, bugdaýyň boý alyp bilmeýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy balkanly daýhanlaryň ne kärende ýerleriniň ellerinden alynmagy, ne-de olaryň yzyna gaýtarylyp berilmegi barada Balkan welaýatynyň häkimliginden kommentariý alyp bildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG