Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ses berişlikde Gazagystanyň dolandyryjy partiýasy öňe saýlandy


Gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokavew saýlawçylary gutlaýar. arhiw suraty
Gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokavew saýlawçylary gutlaýar. arhiw suraty

Gazagystanda geçirilen umumy saýlawlarda häkimiýet başyndaky "Amanat" partiýasy orunlaryň köplügine eýe bolana meňzeýär, halkara synçylary ses berişlikde, öňki saýlawlar bilen deňeşdirilende, birneme öňegidişligiň bolandygyny aýtdylar. Emma muňa garamazdan, oppozisiýadaky syýasatçylaryň käbiri ses berişligiň adalatsyz bolandygyny öňe sürdi.

Merkezi saýlaw topary (MST) bazar güni parlamentiň aşaky öýüniň deputatlarynyň saýlanmagy üçin geçirilen ses berişligiň netijelerini çap etdi.

Häkimiýet başyndaky "Amanat", resmi maglumatlara görä, sesleriň 53,9%-ni alyp, uly tapawut bilen ýeňiş gazandy.

Ikinji orny 10,9% ses alan “Auyl” partiýasy eýelese, üçünji orny 8,59% ses alan “Respublika” partiýasy eýeledi.

Ondan soň öňki çagyryşdan “Ak žol” partiýasy we Gazagystanyň Halk partiýasy gelýär, olar degişlilikde 8,41 we 6,8% ses aldylar.

5,2% ses alan Milli Sosial Demokratik partiýa iň soňky orunda gelse, golaýda döredilen “Baýtak” partiýasy bary-ýogy 2,3% ses alyp, 5% derejesinden hem geçip bilmedi.

“Hemmelere garşy” topary bolsa, MSK-nyň maglumatlaryna görä, saýlawçylaryň 3,9% sesini ýa-da 248,291 adamyň goldawyny aldy.

Merkezi saýlaw toparynyň maglumatyna görä, 12 million saýlawçynyň ýarysyndan gowragy saýlawlara gatnaşdy.

XS
SM
MD
LG