Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň başlygy türkmen liderini “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammitine çagyrdy


Hytaýyň başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen. Pekin,6-njy vanwar, 2023.
Hytaýyň başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen. Pekin,6-njy vanwar, 2023.

Hytaý halk respublikasynyň başlygy Si Szinpin 21-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Nowruz baýramy bilen gutlap, şu ýylyň maý aýynda Hytaýda geçiriljek “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatynyň çäklerinde geçiriljek birinji sammite gatnaşmaga çagyrdy.

“Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlykda uly netijeleriň gazanylmagyny üpjün etmek üçin Siziň bilen Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň ägirt uly meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga umyt edýärin” diýip, Si Szinpiniň hatynda aýdylýar.

Hytaýyň başlygy türkmen kärdeşiniň ýanwar aýynda Hytaýa eden döwlet saparyny ýatlap, onuň bilen “dostlukly we çuň manyly gepleşikleri geçirendigini” belläpdir we, “...Hytaýyň we Türkmenistanyň “bitewi ykbalynyň konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegi bilelikde beýan etdik” diýipdir.

XS
SM
MD
LG