Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenskiý harby ýolbaşçylar bilen duşuşýarka, gündogarda ukrain we rus goşunlary gazaply çaknyşýar


26-njy martda Bahmutyň golaýynda Ukrainanyň T-72 tanky rus pozisiýalaryna ot açýar.
26-njy martda Bahmutyň golaýynda Ukrainanyň T-72 tanky rus pozisiýalaryna ot açýar.

Soňky 24 sagadyň dowamynda Donetsk sebitinde güýçli söweşler dowam etdi diýip, ukrain harbylary 27-nji martda aýtdy. Maglumatda ruslaryň weýran edilen Bahmut şäherine basyşy dowam etdirip, Donetsk sebitiniň başga bir şäheri bolan Awdiýiwkany barha köp nyşana alýandygy hem aýdyldy.

Soňky 24 sagadyň dowamynda parahat ilatdan iki ýaşaýjy öldi. Olaryň biri Harkiw sebitinde näbelli enjamyň partlamagy, beýlekisi Russiýanyň Donetsk sebitindäki Slowýansk şäherine eden hüjümi netijesinde heläk boldy.

Prezident Wolodymyr Zelenskiý Slowýanska edilen hüjümiň wideosyny özüniň Telegram kanalynda paýlaşdy.

"Russiýa Federasiýasy tarapyndan terrorçylyk bilen başlanan başga bir gün. Agressiýa döwleti Slowýanska hüjüm etdi. Gynansagam, bir sany ölen adam we dürli derejede ýaradar bolan pidalar bar. Wakanyň bolan ýerinde ähli işgärler işleýär. Kömek edilýär" diýip, Zelenskiý aýtdy.

Basybalyjy güýçler harby we infrastruktura nyşanalaryny birkemsiz bombalamagy dowam etdirip, parahat ilatdan ýaşaýjylara zyýan ýetirip, adam ýitgilerine sebäp bolýan mahaly, ukrain güýçleri Bahmutda we onuň töwereginde 60-dan gowrak rus hüjümini yza serpikdirdi diýlip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştabynyň gündelik hasabatynda bellenilýär.

"Duşman terror taktikalaryny ulanýan mahaly, Ukrainanyň tutuş territoriýasyna raketa we howa zarbalarynyň [amala aşyrylmagynyň] ähtimallygy ýokary bolmagynda galýar" diýip, Baş ştab rus hüjümlerinde esasan Awdiýiwkanyň, Lymanyň, Kupýanskyň we Maryinkanyň nyşana alynýandygyny hem belledi.

Ukrainanyň gury ýer güýçleriniň serkerdesi general Oleksandr Syrskiý 27-nji martda uruş zonasynyň birinji hataryna baryp gören wagtynda Bahmutdaky ýagdaýyň "hemişe kyn" bolmagynda galýandygyny aýtdy diýip, ukrain Goranmak ministrligi aýdýar.

Syrskiý Bahmutda we onuň töwereginde bolup geçýän häzirki söweşleriň "iň güýçli depginli döwrüne" ýetendigini, "duşmanyň adam resurslarynda, ýaraglarda we harby enjamlarda ep-esli ýitgi çekendigini, emma hüjüm operasiýalaryny dowam etdirýändigini" aýtdy.

Ukrainanyň harbylary rus güýçleriniň öz ünsüni Bahmutdan 100 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýän Awdiýiwka hem gönükdirýän ýaly bolup görünýändigini aýdýar. Awdiýiwkada yzygiderli amala aşyrylýan rus hüjümleri jemgyýetçilik hyzmatlarynyň ählisiniň ýapylmagyna we şäher işgärleriniň ewakuasiýa edilmegine getirdi. Uruşdan ozal 30 müň töweregi ilaty bolan şäherde diňe 2 müň töweregi ýaşaýjy galdy.

Awdiýiwka, 2014-nji ýyldan bäri Russiýa tarapyndan goldanýan güýçleriň gözegçiligindäki Donetskden diňe 20 kilometr demirgazyk-gündogarda ýerleşýär.

Şäheriň harby administrasiýasynyň başlygy Witaliý Barabaş 26-njy martda Telegramda paýlaşan maglumatynda Awdiýiwkanyň ruslaryň güýçli hüjümleri netijesinde "postapokaliptik filmlerden bir ýere" öwrülendigini aýtdy.

Gazaply söwleriň arasynda, Zelenskiý 26-njy martda Ukrainanyň ýokary harby we aňtaw resmileri bilen duşuşyk geçirip, uruş liniýasynyň ýagdaýy we Ukrainanyň goranyşyny güýçlendirmegiň ýollary barada maslahat etdi diýip, ukrain prezidentiniň edarasy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG