Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Russiýa bilen ýadro maglumatlaryny alyşmazlygy karar etdi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Ak tam ikinji gün ABŞ-nyň Russiýa bilen ýadro maglumatlaryny paýlaşmagy bes etmek kararyna gelendigini yglan etdi.

“Amerikanyň sesi” neşiriniň Rus gullugynyň habaryna görä, START-3 şertnamasynda göz öňünde tutulan maglumat alyşmak düzgüni birnäçe ýyl bäri saklanýardy.

ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň wekiliniň sözlerine görä, iki ýurduň arasyndaky maglumat alyşmak ylalaşygyny togtatmak kararynyň Russiýanyň şertnama gatnaşmagyny togtadýandygy barada Moskwanyň aýdanlaryna jogap hökmünde kabul edilendigini aýtdy.

Wladimir Putin 2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda Russiýanyň iki tarapyň hem ýerleşdirilen strategiki ýadro arsenallaryny çäklendirýän START-3 şertnamasyna gatnaşmagyny togtadýandygyny yglan etdi.

Şol bir wagtda, Putin Russiýanyň bu şertnamadan doly çykmaýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG