Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Arkadag" teleýaýlymy 'üstünlikleri ussatlyk bilen' açyp görkezer


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistanyň prezidenti Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Arkadag” teleýaýlymyny döretmek baradaky karara gol çekdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, “Arkadag” teleýaýlymy Türkmenistanda, şol sanda Arkadag şäherinde amala aşyrylýan “beýik işleri, gazanylýan üstünlikleri ussatlyk bilen açyp görkezýän hem-de wagyz edýän kämil gepleşikleri taýýarlap, ...türkmen telewideniýesiniň netijeliligini ýokarlandyrmak”, onuň “işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen” döredilýär.

Täze teleýaýlym şu ýylyň sentýabryndan başlap, gije-gündiziň dowamynda 15 sagatlap gepleşik berer.

Şeýle-de, Serdar Berdimuhamedowyň kararynda anyklaşdyrylmazdan aýdylmagyna görä, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Türkmenistanda häkimiýetler habar serişdelerine diňe ýurtda gazanylýandygy aýdylýan üstünlikleri ‘ussatlyk bilen açyp görkezýän we wagyz edýän’ gural hökmünde seredýärler.

Bu ýagdaý metbugatyň ýurtdaky düýpli meseleler barada dymyp, prezidentiň we onuň maşgalasynyň dyngysyz öwmek bilen meşgullanmagyna alyp geldi diýip, synçylar aýdýar.

Azatlygyň ýerli habarçylarynyň maglumatlaryna görä, milli metbugatda şol bir many-mazmundaky wagyz gepleşikleriniň berilmegi ilaty döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinden görülmedik derejede daşlaşdyrdy we adamlar prezidentler maşgalasy barada taýýarlanýan öwgüli gepleşikleri diňe olaryň ýöntemligine gülmek üçin görýärler.

Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça çap edilýän halkara hasabatlarda her ýyl iň yzdaky orunlaryň birini eýeleýär.

XS
SM
MD
LG