Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň Goragçylary Korpusynyň (IRGC) harby geňeşçisi Siriýanyň paýtagtynyň golaýynda Ysraýylyň howa zarbalarynyň netijesinde alan ýaralaryndan öldi. Bu barada Eýranyň ýarym resmi "Mehr" habar gullugy 2-nji aprelde habar berdi.
Tähran 2011-nji ýylda Siriýada başlanan raýat urşunda prezident Başar al-Assady goldap başlaly bäri, Ysraýyl Siriýada Eýranyň artan täsiri bilen baglaşdyýran nyşanlara ençeme ýyl bäri zarba urýar.
Eýran öz wekilleriniň Damaskyň çakylygy boýunça Siriýada maslahat beriş wezipesini ýerine ýetirýändigini aýdýar.