Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: “Talybanyň” dünýä guramasynyň zenan işgärlerine girizen gadaganlygy kabul ederlik däl


"Talyban" Kabuldaky aýallar kitaphanasyny ýapdy
"Talyban" Kabuldaky aýallar kitaphanasyny ýapdy

Birleşen Milletler Guramasy 5-nji aprelde "Talybanyň" owgan zenanlarynyň bu agentlikde işlemegini gadagan etmek baradaky kararynyň kabul edilip bilinmejekdigini aýtdy we muny aýal-gyzlaryň hukuklaryny "deňsiz-taýsyz" bozmak diýip atlandyrdy.

Bu beýanat Owganystanyň dolandyryjylary “Talyban” Birleşen Milletler Guramasyna owgan aýal-gyzlaryna indiden beýläk dünýä guramasynda işlemek rugsadynyň berilmejekdigini aýdanyndan bir gün soň edildi.

“Talybanyň” täze girizen gadaganlygy BMG-niň bu ýurtdaky missiýasy özüniň gündogar Nangarhar welaýatyndaky zenan işgärleriniň işe çykmagynyň öňüniň alynmagyndan alada bildireninden soň belli boldy. "Talyban" bu gadaganlyk barada aç-açan düşündiriş bermedi.

XS
SM
MD
LG