Özbegistan bilen aradaky serhedi kesgitlemek üçin baglaşylan şertnama garşy bildiren protestleri sebäpli tussag edilen gyrgyz aktiwistleriniň birnäçesi öý tussaglygyna geçirildi.
Bişkekdäki kazyýet 12-nji aprelde Gulnara Jurabaýewa, Klara Sooronkulowa, Aziýa Sasykbaýewa, Ulugbek Mamataýew we Taalaýbek Mademinow dagyny azyndan 20-nji iýuna çenli öý tussaglygyna geçirmek barada karar çykardy.
Birinji Maý etrap kazyýeti öt haltasyndaky ýiti agyry sebäpli bir gün öň keselhana ýerleşdirilen Çyngyz Kaparowyň hem, bejergisi gutarandan soň, öý tussaglygyna geçirilmegini buýurdy.
Bu aktiwistler geçen ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda gyrgyz-özbek serhedini kesgitlemek boýunça gelnen ylalaşyga garşy çykyş edenlerinden soň tussag edilen toparyň, Kempir-Abad goranmak komitetiniň agzalarydy. Bu iş boýunça jemi 26 adam, hukuk goraýjy, žurnalist we syýasatçy tussag edildi.