19-njy martda geçirilen parlament saýlawlaryna gatnaşan oppozisiýa aktiwisti Madina Koketaýewa, ses berişlikden soň başgaça pikirlenýänlere garşy alnyp barylýan basyşlaryň arasynda Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda tussag edildi.
Koketaýewanyň jorasy Žibek Amenowa polisiýanyň aktiwisti 14-nji aprelde tussag edendigini Azatlyk Radiosyna aýtdy.
"Oňa şu gün sagat 5-de polisiýa sorag edişlik üçin barmak buýruldy, ýöne polisiýa ony irden tussag etdi" - diýip, Amenowa Koketaýewanyň tussag edilmeginiň onuň 9-njy aprelde parlament saýlawlarynyň netijelerine garşy geçirilen mitinge gatnaşmagy bilen baglydygyny aýtdy.
Ses berişlikden bäri hökümet esasy dolandyryjy partiýa tarapyndan aňsatlyk bilen ýeňiş gazanan saýlawlara garşy çykýanlara gysyş görkezýär, birnäçe aktiwist we ses berişlige gatnaşanlar tussag edildi.
13-nji aprelde ady belli oppozisiýa aktiwisti Rysbek Sarsenbaýuly tussag edildi we birnäçe sagadan soň ýörişlere gatnaşandygy üçin 120 000 teňňe (265 dollar) möçberde jerime tölemeli edildi. Ondan bir gün öň Almatydaky sud oppozisiýa syýasatçysy Muhtar Taýžany we aktiwist Alnur Iliýaşewi şuňa meňzeş aýyplamalar bilen 15 gün azatlykdan mahrum etdi.