Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Wagner” toparynyň başlygy Moskwany Ukrainadaky urşy bes etmäge çagyrýar


Ýewgeniý Prigožin. Arhiw suraty
Ýewgeniý Prigožin. Arhiw suraty

Gündogar Ukrainadaky söweşlerde esasy rol oýnaýan hakyna tutma topara, “Wagnere” gözegçilik edýän we Kreml bilen baglanyşykly bolan işewür Ýewgeniý Prigožin Ukrainadaky uzak konfliktiň Russiýanyň dargamagyna alyp gelip biljekdigini aýtdy.

Prigožin 15-nji aprelde telegramda çap edilen beýanatynda Moskwany Ukrainadaky maksatlaryna "ýetendigini" jar etmäge hem-de ol ýerdäki söweşleri bes etmäge çagyrdy.

Prigožin "düýnki günde şu günki ýörite operasiýany goldaýanlaryň köpüsiniň indi şübhelenýändigini ýa-da bolup geçýän wakalara düýbünden garşydygyny" ýazdy.

XS
SM
MD
LG