Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iki hepde ozal döredilen “Arkadag” futbol topary ilkinji ýeňişini gazandy


Türkmen futbolçylary illýustrasiýa suraty
Türkmen futbolçylary illýustrasiýa suraty

18-nji aprelde mundan iki hepde ozal döredilen “Arkadag” atly futbol topary Türkmenistanyň çempionatynda ilkinji ýeňişini gazandy. Bu ýurtda ozalky prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsýyet kultunyň has dabaralandyrylýan döwrüne gabat geldi.

Maglumata görä, ozalky prezidente döwlet derejesinde ýüzlenilýän lakamy göterýän futbol topary Mary şäheriniň “Merw” komandasyny 2:1 hasaby bilen ýeňipdir. Topar Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşýan dokuz toparyň arasynda häzir üçünji orunda dur. “Köpetdag” we “Nebitçi” komandalary hem degişlilikde birinji we ikinji ýerleri eýeleýärler.

Merkezi Aziýa barada habarlary çap edýän Fergana neşiri “Arkadag” toparynyň düzümine ýurduň iň gowy oýunçylarynyň çekilýändigini, onuň hem ýurduň saýlama toparynyň esasy özenini düzjek klub boljakdygyny çaklaýar.

XS
SM
MD
LG