Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan alyş-çalyş esasynda Azerbaýjana edýän gaz eksportyny artdyrdy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistan şu ýyl alyş-çalyş arkaly Azerbaýjana iberýän tebigy gazynyň möçberini artdyrdy diýip, “Biznes Türkmenistan” eýran metbugatyna salgylanyp habar berýär.

Eýranyň öňki senenamasy boýunça 1401-nji ýylda (2023-nji ýylyň 20-nji martynda tamamlandy), alyş-çalyş arkaly Azerbaýjana eksport edilen türkmen gazynyň möçberi ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 358 göterim artdy diýip, Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) ýerine ýetiriji direktory, Eýranyň Nebitgaz senagaty Ministriniň orunbasary Majid Çegeni “Fars News” agentligine beren interwýusynda aýtdy.

Aýdylmagyna görä, 2022-nji ýylda Azerbaýjana alyş-çalyş arkaly iberilýän tebigy gazyň möçberi, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 530 göterim ýokarlandy.

Şu ýyl Azerbaýjana alyş-çalyş arkaly iberilýän türkmen gazynyň, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 70% artmagyna garaşylýar diýip, habarda bellenýär.

Türkmenistanyň, Eýranyň we Azerbaýjanyň arasyndaky üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy şertnamasyna laýyklykda, Azerbaýjan häzirki wagtda türkmen tebigy gazyny import edýär.

XS
SM
MD
LG