Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain güýçleri Bahmutdaky pozisiýalaryny saklaýar, Russiýa Hersony topa tutýar

Ukrsain goragçysy
Ukrsain goragçysy

Ukrain goragçylary Bahmutda özleriniň strategiki pozisiýalaryny gorap saklamaklaryny dowam etdirýärler diýip, ýokary derejeli harby serkerde Russiýa gündogar Donetsk sebitini ele geçirmek ugrunda alyp barýan birnäçe aýlyk söweşiniň merkezi bolan şäherde ilerälndigini öňe süreninden soň aýtdy.

"Biz duşmany köplenç onuň garaşmaýan ýagdaýynda urýarys we strategiki ugurlary elde saklamagy dowam etdirýäris" diýip, Ukrainanyň gury ýer güýçleriniň serkerdesi Oleksandr Sirskiý telegramda ýazdy.

"Bu ýerdäki adamlaryň hemmesi gahryman. Ruslar agyr ýitgi çekýärler, biz olaryň adam güýjüni we hüjüm etmek mümkinçiliklerini ýok edýäris" diýip, Sirskiý ýazdy.

Onuň bu sözleri Russiýanyň Goranmak ministrliginiň 23-nji aprelde öz güýçleriniň şäheriň günbatar böleginde iki etraby basyp alandygyny aýtmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Bu aýdylýanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady.

Soňky 24 sagadyň dowamynda ruslaryň atan toplaryndan Bahmutda ýene iki parahat ýaşaýjy öldi, iki adam bolsa ýaralandy diýip, Donetsk sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Pawlo Kirilenko 24-nji aprelde aýtdy.

Rus goşunlary Hersonda günorta sebitiň ukrain gözegçiligindäki ýerleri topa tutmagyny güýçlendirdi diýip, Ukrainanyň Günorta goranmak güýçleriniň metbugat sekretary telewideniýede beren düşündirişinde aýtdy. Bu düşündiriş ukrain goşunynyň Dneprden aňryk geçendigi we derýanyň gündogar kenarynda pozisiýa gurnandygy baradaky habarlaryň yz ýanyndan berildi.

Natalýa Humenýuk gürrüňi edilýän geçişiň eýýäm bolandygy barada aýdylanlary inkär etdi we “hakyky ýagdaýdan öňe düşüp aýdylan uly sözleriň topa tutuşlygy öjükdirendigini” aýtdy.

"Harby analitikleriň çaklamalaryndan ägä bolmaly we bularyň boş gürrülerdigine düşünmek gerek" diýip, Humenýuk belledi.

Ol bu sözleri ABŞ-nyň täsirli Uruş barlaglary instituty (ISW) 22-nji apreldäki gündelik hasabatynda rus harby blogçylarynyň "ukrain güýçleriniň gündogarda, Herson sebitiniň çep kenarynda, 22-nji apreldäki ýagdaýa görä haýsy gerimde we nähili niýet bilendigi belli bolmasa-da, öz pozisiýalaryny gurandyklaryny tassyklamak üçin ýeterlik geografiýa wideo ýazgylaryny we tekst habarlaryny berendigini" aýdanyndan soň aýtdy.

Rus harby blogçylarynyň çap eden geografiýa şekilli wideoýazgylarynda ukrain güýçleriniň Oleşkiý şäheriniň demirgazygynda köpri gurandygy we olaryň Herson sebitinde “bu pozisiýalar üçin durnukly üpjünçilik liniýalaryny” ýola goýandygy görkezilýär diýip, Uruş barlaglary instituty belledi.

Bilermenleriň köpüsiniň aýtmagyna we ukrain liderleriniň ýaňzytmagyna görä, Kiýew güýçleri ýaz paslynda ullakan garşylykly hüjüme taýýarlanýar we bu habar Kiýewiň köpden bäri garaşylýan garşylykly hüjüminiň haý diýmän başlanmak ähtimallygyny yşarat etdi.

Bu ýerde teklip edilýän maksatlaryň biri Kreml güýçleriniň bikanun anneksiýa edilen Krym ýarym adasy bilen Russiýanyň arasynda döreden gury ýer koridoryny bölmekden ybarat hem bolup biler.

Ukrain harbylary öz goşunlarynyň strategiki taýdan möhüm derýanyň, Dnepriň rus gözegçiligindäki kenarynda ýerleşendigi baradaky habarlary tassyklamakdan ýa-da ret etmekden ýüz öwürdiler.

Herson sebitiniň Moskwa tarapyndan bellenen başlygy Wladimir Saldo hem ukrain güýçleriniň Dnepr derýasynyň gündogar kenaryna aýak basandygyny inkär etdi we telegramda rus goşunlarynyň bu töwerege “doly gözegçilik” edýändigini aýtdy.

Şu aralykda Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitro Kuleba Russiýanyň diňe bir ukrain topraklaryny däl, eýsem Ýewropadaky parahatçylygy we dünýädäki durnuklylygy hem ogurlandygyny öňe sürdi.

"[Russiýa] özüniň dile alyp bolmajak wagşyçylyklary bilen adamzadyň esasy ýörelgelerini weýran etdi" diýip, Kuleba Germaniýanyň “Die Welt” gazetinde 23-nji aprelde çap edilen makalasynda aýtdy.

"Eger-de Moskwa öz eden jenaýatlarynyň ählisi üçin jogapkärçilige çekilmese, bu sebitde hakyky parahatçylyk mümkin bolmaz" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Russiýa bizi kolonial basyp alyşlary bilen ýakasyny tanadan uzak döwre, XIX asyra çenli yza zyňdy" diýip, Kuleba aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG