Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prokuror Nazarbaýewiň ýegeniniň aýalyna sekiz ýyl berilmegini soraýar

Almaty. MHK-niň binasy
Almaty. MHK-niň binasy

Gazagystanyň prokurory 25-nji aprelde Astananyň kazyýetinden Merkezi Aziýa döwletiniň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň tussag edilen ýegeniniň aýalyna sekiz ýyl iş kesilmegini sorady.

Ol korrupsiýa, agyr jenaýatçylygy guramak, adam alyp gaçmak, birnäçe kärhananyň paýnamalaryny we emläklerini bikanun ele geçirmek aýyplamalarynda aýyplanýar.

Gulmira Satybaldy adamsy Kaýrat Satybaldy bilen bilelikde geçen ýylyň mart aýynda tussag edildi we olaryň kazyýet işlerine aýry-aýrylykda seredildi. Är-aýalyň garşysyna gozgalan jenaýat derňewleri Nazarbaýewiň garyndaşlaryny we ýaranlaryny nyşana alýan derňewleriň bir bölegi bolup durýar.

Kaýrat Satybaldy sentýabr aýynda, gazak paýtagtyndaky kazyýet ony kezzaplykda we ogurlykda günäkär tapanyndan soň, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Şeýle-de, Almaty kazyýeti 25-nji aprelde Milli howpsuzlyk komitetiniň (KNB) bu şäherdäki bölüminiň öňki başlygy Nurlan Majilowy, geçen ýylyň ýanwarynda hökümete garşy guralan we zorluga ýazan görlüp-eşidilmedik protestler wagtynda öz ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplap, alty ýyl azatlykdan mahrum etdi.

XS
SM
MD
LG