Moskwa soňky günüň dowamynda gündogarda Bahmut-Awdiýwka-Marýinka front liniýasyndaky hüjüm hereketlerini güýçlendirýär, ukrain goragçylary bu ýerde rus toplarynyň, howa zarbalarynyň, minomýot oklarynyň we pyýada goşun hüjümleriniň barha artýan basyşy bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, Kiýew 26-njy aprelde aýtdy.
"Russiýa esasy tagallalaryny Bakmutda, Awdiýwkada we Marýinkada jemleýär, ukrain güýçleri bu ýerde soňky 24 sagadyň dowamynda ruslaryň 39 hüjümini yzyna serpikdirdi" diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby özüniň gündelik hasabatynda aýtdy.
"Bahmutda we Marýinkada gazaply söweşler dowam edýär" diýip, harbylar aýtdy.
Rus goşunlary ukrain pozisiýalaryna we raýat infrastrukturasyna üç raketa zarbasyny, 13 howa zarbasyny urdy, tapgyrlaýyn raketa atyjylardan 49 raketa atdy diýip, hasabatda aýdylýar.
Birnäçe aýlap dowam edýän aldym-berdimli söweşleriň merkezi bolan Bahmut şäherinden takmynan 10 km günortada ýerleşýän Kliçiýiwka obasynda ruslaryň gaýtalanan hüjümleri yzyna serpikdirildi.
Öten agşam günortadaky Zaporižýa sebitinde, Ýewropanyň iň uly ýadro desgasynyň ýerleşýän ýerinde howa hüjümi duýduryşy yglan edildi.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçylary bir topar partlamanyň bolandygyny habar berdiler. Olar Eýranda öndürilen “Şahid” dronlarynyň hüjümleri sebäpli bolandyr öýdülýär.
Zaporižýa harby administrasiýasynyň başlygy Ýuriý Malaşko ýaşaýjylary gizlenmäge çagyrdy, ýöne partlamalaryň tebigaty barada jikme-jik maglumat bermedi.
"Howa duýduryşy gutarýança howpsuz ýerlerde boluň" diýip, Malaşko aýtdy.
Ýadro stansiýasyna gözegçilik edýän rus güýçleri Zaporižýa sebitiniň Ukrainanyň gözegçiligi astyndaky böleklerini yzygiderli topa tutýarlar.
25-nji aprelde gündogar Kupýansk şäherindäki muzeýe Russiýanyň uran raketa zarbasy azyndan iki adamyň ölmegine we 10 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. Prezident Wolodymyr Zelenski bu hüjümi "wagşylyk" diýip häsiýetlendirdi.
Harkow sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Oleh Sinýehubow 25-nji aprelde Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Kupýansk şäher merkezine edilen hüjümde S-300 kysymly raketalaryň ulanylandygyny, olaryň biriniň ýerli taryh muzeýine gelip degendigini aýtdy.
Russiýanyň döwlet habar gullugy RIA Moskwanyň uruşda täze T-14 Armata söweş tanklaryny ulanyp başlandygyny, olaryň ukrain pozisiýalaryna ok atandygyny, emma entek "göni hüjüme" gatnaşmandygyny aýtdy.
Habarda aýdylmagyna görä, bu tank adamsyz bolup, "korpusyň öň tarapynda ýerleşýän izolirlenen sowutly kapsul" arkaly uzakdan dolandyrylýar.
Emma, britan harby aňtaw gullugynyň maglumatyna görä, rus güýçleri bu tanklaryň ilkinji gelip gowşan tapgyrynyň hiliniň ýaramazlygyndan şikaýat edipdirler.
“11 ýyllap işlenip düzülen programma bökdençlikler bilen utgaşdy, planlaşdyrylan göwrüm kiçeldildi we önümçilik kynçylyklary barada habar berildi” diýip, Britan aňtaw gullugy aýtdy.
Forum