Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet nyşanlaryndaky şekilleriň many-mazmuny we gelip çykyşy


Bezeg suraty.
Bezeg suraty.

Dünýä Türkmenleri gepleşigi Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň many-mazmuny barada söhbetdeşlik geçirdi.

Türkmenistanyň döwlet baýdagy, tugrasy we senasy onuň döwlet özygtyýarlylygynyň nyşany hökmünde Konstitusiýa berkidildi.

Ýaşyl reňkli döwlet baýdagynyň uzynlygy onuň ininden birýarym esse uly bolmaly. Baýdakda bäş sany haly gölleri, gölüň aşagynda iki sany zeýtun şahasy, bäş ýyldyz we ýarymaý ýerleşdirilipdir.

Sekizburç döwlet tugrasynda biri-biriniň içinde gyzyl we gök, iki sany tegelek halka, içerki gök halkanyň içinde türkmen bedewiniň suraty, daşarky gyzyl halkada bäş sany göl bar. Daşarky tegelegiň aşak tarapynda ýedi sany bäş hanaly pagta gozalary, tegelegiň çep we sag taraplarynda bugdaý sünbülleri bar. Daşarky tegelegiň depesinde ýarymaý we bäş sany ýyldyz ýerleşdirilipdir.

Türkmenistanyň prezidentiniň baýdagynda sekizburçlygyň içinde bäş kelleli bürgüdiň keşbi bar.

Döwlet baýdagy we tugrasy hem-de olary peýdalanmagyň tertibi kanun bilen kesgitlenýär. Baýdakda we tugrada elipbiý tertibine görä, ahal-teke, çowdur, ärsary, salyr we ýomut gölleri ýerleşdirilipdir.

Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryndaky sekizburçlygyň manysy näme, näme üçin bäş sany haly gölüniň, bäş sany ýyldyzyň, iki zeýtun baldagynyň, bugdaý sünbülleriniň, ýedi sany açylan pagta gozalarynyň, ýa-da bedew atyň keşbi döwlet nyşanlaryna girizilipdir?

Dünýä Türkmenleri gepleşigi Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň many-mazmuny barada söhbetdeşlik geçirdi.

Döwlet nyşanlaryndaky şekilleriň many-mazmuny we gelip çykyşy
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG