NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberg Wengriýanyň öz ýüz öwürmelerinden peýdalanyp, basyp alyjy rus güýçlerine garşy söweşýän Kiýewe ýardam berýän harby bileleşige ne esger, ne serişde berjekdigini, ýöne Ukraina berilýän NATO goldawynyň öňüne böwet basmajakdygyny aýtdy.
Geljek aý Waşingtonda geçiriljek sammitiň öňüsyrasynda, bileleşigiň ukrain goşunyna berýän kömegini ýokarlandyrmak tagallalarynyň arasynda, Stoltenberg NATO agzalary bilen duşuşýar.
Moskwanyň, belki-de, Ýewropa Bileleşigindäki iň ýakyn ýarany hasaplanýan premýer-ministr Wiktor Orbanyň ýolbaşçylygyndaky Wengriýa, NATO-nyň bu konflikte gatnaşmagyna seresap çemeleşýär we, wenger goşunlaryny NATO agzalary bolan ýurtlaryň çäginden daşardaky çärelere goşmazlyk üçin, Budapeştiň pozisiýasyna täze bir kesgitleme teklip etdi.
"Wengriýa NATO-nyň bu tagallalaryna gatnaşmaz we men bu pozisiýany kabul edýärin" diýip, Stoltenberg 12-nji iýunda Orban bilen duşuşandan soň Budapeştdäki žurnalistlere aýtdy.
"Şol bir wagtda, premýer-ministr meni Wengriýanyň beýleki ýaranlaryň öňe ilerlemegine mümkinçilik döredip, bu tagallalara garşy durmajakdygyna ynandyrdy we Wengriýanyň NATO borçnamalaryny doly ýerine ýetirjekdigini tassyklady" diýip, Stoltenberg sözüniň üstüni ýetirdi.
Orban bu metbugat ýygnagynda çykyş edip, Wengriýanyň NATO goldawyny bökdemejekdigini tassyk etdi.
Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda goňşy Ukraina garşy giň gerimli hüjüme başlalay bari Orban Kreml bilen has ýakyn gatnaşyk gurup, ÝB-niň Moskwa garşy girizen sanksiýalaryna goşulmakdan ýa-da, beýleki NATO ýurtlary ýaly, Ukraina ýarag iberilmegine ýol açmakdan ýüz öwrüp, Brýusseliň gaharyny getirdi.
Günbatar hökümetleri Orbanyň Moskwa bilen saklaýan ýygjam gatnaşyklaryndan we, Budapeşt ahyryna bu çäräni tassyklan hem bolsa, Wengriýanyň Şwesiýanyň NATO agzalygyny tassyklamagy gijikdirmeginden nägile boldy.
Wengriýa düýbi Brýusselde ýerleşýän harby ýaranlykdan, kararlaryň kabul edilmegine rugsat bermeginiň deregine, özüniň Ukraina harby goldaw bermekden boşadylmagyny haýyş etdi. Bu, NATO harby kararlarynyň ählisini doly ylalaşyk esasynda kabul edýän wagtynda, Wengriýanyň öz weto güýjüni ulanmajakdygyny aňladýar.
Stoltenberg "Wengriýanyň NATO-nyň Ukraina berýän goldawyna gatnaşmazlyk şertleri" barada Orban bilen ylalaşandygyny aýtdy, ýöne bu hili ylalaşygyň nämäni aňladýandygyny jikme-jik düşündirmedi.
Has gowy ýaraglanan rus goşunlarynyň söweş meýdanyna gözegçilik etmegi bilen baglylykda, ýakyn ýyllarda Moskwanyň giň gerimli hüjümine gaýtawul berip bilmegi üçin, NATO Ukraina has öňünden çak edilýän harby goldaw bermegiň meýilnamasyny döretmekçi bolýar.
Geljek aýda Waşingtonda sammit geçirjek ýaranlygyň ýolbaşçylary bu meýilnamany işläp düzmegi şol ýerde tamamlamak isleýärler.
Forum