Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukraina daň atmazyndan öň 18 raketa atdy; Kiýew olaryň tas ählisiniň urlandygyny aýdýar

Bahmut
Bahmut

Russiýa Ukraina daň atmazyndan öň tapgyrlaýyn raketa ulgamlaryndan 18 raketa atdy, Ukrainanyň howa goranyşy olaryň ählisini diýen ýaly urup gaçyrandygyny öňe sürdi.

Howa hüjümini duýdurýan sirenalaryň sesi üç sagatdan gowrak dowam etdi, emma 1-nji maý hüjüminde ýetirilen zyýanyň we ejir çekenleriň möçberi bada-bat belli bolmady.

Ukrainanyň baş serkerdesi, general Waleriý Zalužniniň telegram hasabynda aýdylmagyna görä, raketalar ýerli wagt bilen ir sagat 2.30 töwereginde atyldy. Ol atylan 18 raketanyň 15-siniň ýok edilendigini aýtdy.

Kiýew şäheriniň resmileri paýtagta gönükdirilen raketalaryň ählisiniň urlup gaçyrylandygyny aýtdylar.

"[Deslapky maglumata] görä, asuda ilatyň arasynda ölen ýok, ýaşaýyş jaýlary ýa-da infrastruktura weýrançylygy hasaba alynmady” diýip, şäher häkimligi aýtdy.

Partlamalaryň Harkow, Dnipropetrowsk we Sumy sebitlerinde hem bolandygy habar berildi.

Pawlohradyň Dnipropetrowsk sebitinde gije ýarymdan öň edilen görnetin raketa hüjüminde, beýleki birnäçe ýer bilen bilelikde, senagat meýdançasy hem uruldy. Bu künjekde turan ýangyn garaňky gijäniň asmanyny birnäçe sagat ýagtyltdy.

Sebit administrasiýasynyň başlygy Serhiý Lisak Pawlohrada edilen hüjümde 25 adamyň, şol sanda üç çaganyň ýaralanandygyny, howa goragy bölümleri tarapyndan ýedi raketanyň urlup gaçyrylandygyny aýtdy.

“Pawlohradda bir senagat kärhanasyna zyýan ýetdi... Ýaşaýyş etrabynda köp gatly binalaryň 19 sanysyna, hususy jaýlaryň 25-sine, bilim eadarlarynyň altysyna, bäş sany dükana, 40-a golaý ýaşaýyş binasyna zyýan ýetdi” diýip, ol telegramda ýazdy.

Soňky günlerde Ukrainada, şeýle-de Russiýa tarapyndan basylyp alnan ukrain sebitlerinde, şol sanda Krymyň Gara deňiz ýarym adasyndaky ýangyç ammarynda howa hüjümleri we beýleki partlamalar ýygjamlaşdy.

Ukrain häkimiýetleriniň käbiri täze partlamalaryň köp garaşylýan garşylykly hüjüm bilen bagly bolmagynyň ähtimaldygyny ýaňzytdy.

"Bu iş hemmeleriň garaşýan giň gerimli we doly möçberindäki garşylykly hüjümine taýýarlyk bolup durýar" diýip, Ukrainanyň günorta harby serkerdeliginiň metbugat sekretary Natalýa Humenýuk UNIAN habar gullugy tarapyndan çap edilen düşündirişinde aýtdy.

Ukrainanyň harby aňtaw gullugynyň başlygy Kyrylo Budanow 30-njy aprelde garşylykly hüjüme taýýarlygyň "düzülen plana laýyklykda alnyp barylýandygyny" aýtdy. Ol bu baradaky jikme-jik maglumatlara geçmedi.

10 aýa golaý dowam edýän söweşiň iň aldym-berdimli ýeri Donetsk sebitiniň Bahmut şäheri bolup, rus goşunlary ukrain pozisiýalaryny ýuwaş-ýuwaşdan daraldýar we häzirki wagtda weýran bolan şäheriň köp bölegini eýeleýär diýip hasaplanýar.

Ukrainanyň gury ýer güýçleriniň baş serkerdesi, general polkownik Oleksandr Sirskiý 1-nji maýda telegramda çap eden hatynda ukrain goşunlarynyň rus güýçlerini käbir pozisiýalaryndan yzyna kowandygyny aýtdy.

"Bahmutda ýagdaý gaty kyn" diýip, Sirskiý ýazdy.

"Şol bir wagtda, şäheriň belli-belli böleklerinde duşmana biziň bölümlerimiz tarapyndan garşylykly hüjüm edildi we käbir pozisiýalar terk edildi" diýip, ol aýtdy.

Şu aralykda Günorta Afrikanyň “Sunday Times” gazetiniň çeşmelere salgylanyp ýazmagyna görä, Günorta Afrika häkimiýetleri Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň şu tomus Günorta Afrikada geçiriljek BRIKS sammitine gelmezligini haýyş etdiler.

Munuň sebäbi Halkara Jenaýat Kazyýetiniň, Ukrainadaky uruş jenaýatlarynda aýyplap, Russiýanyň prezidentini tussag etmek barada çykaran karary bilen düşündirilýär.

Günorta Afrika Respublikasy Halkara Jenaýat Geňeşiniň kararlaryny ýerine ýetirmäge borçlandyrýan Rim düzgünnamasyna gol çeken ýurtlaryň biri bolup durýar.

"Bizde Putini tussag etmekden başga çäre ýok. Eger-de ol bu ýere gelse, biz ony tussag etmeli bolarys" diýip, GAR-yň hökümetindäki wekil gazete aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG