Hytaýyň Birleşen milletler guramasyndaky delegasiýasy Baş Assambleýanyň Russiýany Ukraina garşy uruşda agressor diýlip atlandyrýan kararyna ilkinji gezek ses berdi diýip, AÝ/AR-nyň "Häzirki zaman” neşiri habar berýär.
Hytaý ozal bu hili kararlara ses bermekden saklanýardy. Ses berişligiň maglumatlary Islandiýanyň Birleşen milletler guramasyndaky wekilhanasy tarapyndan çap edildi.
Bu karara 122 ýurduň, şol sanda Gazagystanyň, Ermenistanyň, Gürjüstanyň delegasiýalary, rus häkimiýetleriniň “dostlukly” diýip atlandyrýan beýleki ýurtlarynyň - Hindistanyň, Braziliýanyň we Türkiýäniň delegasiýalary hem ses berdi.
Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Eýran we Günorta Afrika ýaly 18 ýurt oňa ses bermekden saklandy.
Russiýa, Belarus, Kongo Demokratik Respublikasy, Nikaragua we Siriýa bu karara garşy ses berdi.
BMG bilen Ýewropa Geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky kararda, hytaý delegasiýasynyň hem ses beren rezolýusiýasynda, Russiýa Federasiýasynyň Ukraina we ondan öň Gürjüstana garşy eden agressiýasyndan soň Ýewropanyň öňünde duran "görlüp-eşidilmedik kynçylyklar" barada gürrüň edilýär.
Kararyň awtorlary rus harby agressiýasynyň pidalaryna ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna we halkara kanunçylygynyň kadalaryny bozmakda günäkär bolanlaryň ählisiniň jogapkärçilige çekilmegine çagyrdylar.
Ukrainadaky uruş rezolýusiýanyň esasy temasy däldi, şu sebäpden Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň ony goldap ses bermeginiň olaryň Russiýanyň Ukrainadaky hereketlerine bolan garaýyşlarynyň üýtgemeginiň alamatydygy ýa däldigi belli däl.
Mundan öň Hytaý parahatçylyga taraplaryň ählisiniň bähbitlerini göz öňünde tutup ýetmelidigini aýdyp, Moskwanyň hereketlerini tankyt etmekden saklanýardy. Hytaýyň wekilleri ses berişlik barada düşündiriş bermediler.
Kararyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, Günbatar ýurtlaryny rezolýusiýany "syýasylaşdyrmakda" aýyplap, Russiýanyň wekili Moskwany ýazgarýan sözleriň karardan aýrylmagyna çagyrdy.