Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň başlygy metbugaty we hakykaty nyşana almagy bes etmäge çagyrýar


BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş söz sözleýär.
BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş söz sözleýär.

BMG-niň başlygy Bütindünýä metbugat azatlygy gününiň öňüsyrasynda habar beriş serişdelerine dünýäniň çar künjeginde hüjüm edilýändigini duýdurdy we ähli ýurtlary hakykaty we ol barada habar berýänleri nyşana almagy bes etmäge çagyrdy.

Baş sekretar Antonio Guterriş 2022-nji ýylda metbugat işgärleriniň öldürilmeginiň 50% ýokarlanmagyny “ynanar ýaly däl” diýip atlandyrdy hem-de “demokratiýanyň we adalatyň esasyny düzýän” metbugat azatlygynyň howp astyndadygyny aýtdy.

2022-nji ýylda azyndan 67 metbugat işgäri öldürildi.

Mundan başga, sanly platformalar we sosial media ekstremistleriň ýalan gürrüňleri ýaýratmak we žurnalistlere azar bermek mümkinçiliklerini aňsatlaşdyrdy.

XS
SM
MD
LG