Özbek kazyýeti serhet ýakasyndaky hususy emläklerde bikanun gazylan ötük arkaly Gyrgyzystandan haryt getiren we ol ýere haryt geçiren birnäçe adama garşy jeza hökümlerini çykardy.
Fergana sebitindäki kazyýet 3-nji maýda üç adamy alty ýyldan ýedi ýyla çenli aralykda azatlykdan mahrum etdi. Aýyplanýanlaryň beýleki üçüsine şertli tussaglyk hökümi çykaryldy.
Özbek häkimiýetleri 2022-nji ýylyň iýul aýynda, Rişton şäherinde ýerleşýän bir hususy jaýda Merkezi Aziýanyň iki ýurduny birleşdirýän ötügiň girelgesini tapanlaryndan soň, bu işi derňemäge başladylar. Gyrgyz häkimiýetleri 2021-nji ýyldan bäri şeýle ötükleriň azyndan dört sanysyny tapdylar.