Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda geçirilen Gara deňiz maslahatynda ukrain, rus wekilleri çaknyşdy


Ukrain baýdagy
Ukrain baýdagy

Türkiýäniň Stambul şäherinde 4-nji maýda geçirilen Gara deňiz maslahatynyň söhbetdeşligi wagtynda ukrain wekiliniň elinden alnan baýdak üstünde ukrain we rus wekilleri çaknyşdy.

Ukraina wekili Oleksandr Marikowski telewideniýe üçin berilýän interwiýu wagtynda bolan wakanyň wideo ýazgysyny Facebookda ýerleşdirdi.

Rus wekilleriniň biri telewideniýe üçin söhbetdeşlik geçirilýän wagtynda baryp, Marikowskiniň elinde saklap duran ukrain baýdagyny alyp gaýtdy.

Marikowski baýdagy gaýtaryp almak üçin onuň yzyndan topuldy we rus wekiline ýumruk saldy. Netijede, ara konferensiýanyň resmileri düşmeli boldy.

Çekeleşik wagtynda ýaralanan bolmady diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG