Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Memorialyň' Perm şahamçasynyň başlygy Moskwanyň aeroportynda saklandy


"Memorial" guramasy.
"Memorial" guramasy.

Ynsan hukuklarynyň goraýjy "Memorial" guramasynyň Russiýanyň Perm şäherindäki şahamçasynyň başlygy Aleksandr Çernyşew 5-nji maýda Moskwanyň Şeremetýewo aeroportynda Stambul uçaryna münjek mahaly saklandy.

"Memorial" topary bu tussag etmäniň topar 2022-nji ýylyň fewralynda ýatyrylandan soňra, häkimiýetleriň Permden Moskwa geçirilmegini talap eden "Memorial" arhiwleri boýunça alnyp barylýan derňewler bilen ilteşikli bolmagynyň ahmaldygyny aýdýar.

Polisiýa mart aýynda Perm şäherindäki "Memorial" aktiwistleriniň öýlerini barlady we olary arhiwleriň nirede saklanýandygy barada soraga çekdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy baýry gurama ýapylaly bäri hasaba alynmadyk edara hökmünde iş alyp barýardy.

XS
SM
MD
LG