Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml tarapdary ýazyjy we syýasy aktiwist awtoulag partlamasynda ýaralandy


Zahar Prilepin
Zahar Prilepin

Nižniý Nowgorodda rus ýazyjysy we wagyzçysy Zahar Prilepiniň “Audi Q7” awtoulagy partlady. Partlama barada ilkini bolyp, "112" we "BRIEF" telegram kanallary çeşmelerini görkezmän, habar berdiler, soňra Russiýanyň TASS döwlet gullugy partlama barada ýazdy.

Polisiýa "Nižniý Nowgorod sebitinde awtoulag partlamasynyň hakykatdan bolandygyny" tassyklady. Resmi maglumatlara görä, bir adam ölüp, Prilepiniň özi ýaralanypdyr. Kimiň ölendigi entek belli däl, ýöne öň habar beriş serişdeleri Prilepiniň sürüjisiniň ölendigi barada habar berdiler.

Russiýanyň Derňew komiteti ýazyjynyň awtoulagynyň partlamagy bilen baglanyşykly jenaýat işini açdy we hüjümi terrorçylykly hereket diýip häsiýetlendirdi.

"Prilepini öldürmek synanyşygynda güman edilýän bir adam tussag edildi" - diýip, Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Irina Wolk aýtdy.

Habar beriş serişdeleri we Derňew komiteti ulagyň ýarylan ýerinden suratlary we wideolary çap etdiler. Awtoulagyň bölekleri 30 metr radiusda ýaýrady. Partlamanyň bolan ýeri gabaw astyna alyndy.

"Interfaks" tiz kömek hyzmatlaryna salgylanyp, Prilepiniň bejergi üçin Moskwa äkidilip bilinjekdigini, partlama wagtynda onuň "aýaklaryny ýaralanandygyny" habar berdi. "Prilepini Nižniý Nowgorod sebitine äkitmek üçin howa tiz kömek ulaglary iberilýär" -diýlip maglumatda aýdylýar.

Ozal çepçi dissident bolan Prilepin Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň we Moskwanyň Ukraina hüjüminiň sagçy tarapdarlarynyň birine öwrüldi. Bu, 2022-nji ýylyň fewralynda Russiýa Ukraina çozaly bäri Kremle tarapdar şahsyýetler bilen bagly üçünji partlama.

2022-nji ýylyň awgust aýynda Moskwanyň eteginde ulagdaky bomba parlamasynda Kreml bilen baglanyşykly sagçy ideolog Aleksandr Duginiň gyzy Daria Dugina öldi. Rus häkimiýetleri partlamanyň arkasynda Ukrainanyň bardygyny öňe sürdi.

Geçen aýda Sankt-Peterburgdaky bir kafede bolan partlamada meşhur harby blogçy Wladlen Tatarskiý öldi. Rus resmileri bu ýagdaýda hem Ukrainanyň aňtaw gullugyny günäkärlediler.

XS
SM
MD
LG