Ukrainanyň we Russiýanyň häkimiýetleri 6-njy maýda tussaglaryň alyş-çalşygynyň geçirlendigini aýra-aýralykda habar berdiler.
Kiýew esgerleriniň 45-siniň yzyna gaýtarylýandygyny, Moskwa bolsa, pilotlarynyň üçüsiniň Russiýa getirilendigini aýtdylar.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň baş geňeşçisi Andri Ýermak yzyna gaýtarylan esgerleriň 42-siniň Mariupol şäherindäki Azowstal polat zawodynyň goragçysydygyny Telegram kanalynda mälim etdi. Olar Azowstalda uzaga ceken gabawyň 2022-nji ýylyň maý aýynda tamamlanmagynyň netijesinde ýesir alnypdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi pilotlaryň gaýdyp gelmegi “çylşyrymly gepleşik tapgyrynyň netijesi” boldy diýdi.